Meşhur pälwan

1 Sentýabr 2023
638

Häzir Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk we Büzmeýin etraplarynyň çäginde ýerleşýän Herrikgala ýaşaýyş toplumy öz döwründe il-gün üçin ýagşy işleri amal eden at-abraýly adamlaryň ençemesiniň göbek ganynyň daman hem-de önüp-ösen gadymy obalaryň biridir. Şolaryň biri hem halk arasynda meşhur bolan Maşa pälwandyr. Abraýly pälwan hakynda maglumat toplamak ugrunda iki ýyla çeken gözleglerimiz Garagum sährasynyň Bükriöleň obasynda önüp-ösüp, toý pälwany bolan we häzirki wagtda Artyk obasynda ýaşap, toýlarda bekewülçilik edýän Kulyş baýyň ogly Baýsähediň ýanyna eltdi. Ol hem 1954-nji ýylda Garagum sährasynyň Göbekli obasynda doglup, ençeme toýlarda ýany ýere degmedik we häzirki wagtda Herrikgala ýaşaýyş toplumynda oturýan Gul ogly Momma pälwana (halk arasynda tutulýan ady Kakageldi Gul pälwan) ýüz tutmagymy maslahat berdi. Onuň salgy bermegi bilen, Aşgabat şäheriniň Şor-Garadamak ýaşaýyş toplumynda ýaşaýan Maşa pälwanyň agtygy Nurmuhammedi we Amangeldi pälwanyň (halk arasynda tanalýan ady Gök pälwan) neslinden bolan Çaryýar agany tapyp, Maşa pälwanyň ömür ýoly hakynda gyzykly maglumatlary toplamak miýesser etdi.

Maşa pälwan 1890-njy ýylda Sähet Garanyň maşgalasynda üçünji oglan bäbek bolup dünýä inýär. Ýagyş-ýagmyrly günde dünýä gelen oglanjygyň gulaklaryna azan aýtdyryp, maksat-myradyna ýetsin diýip, Nurmyrat adyny dakýarlar. Nurmyrat öz doganlary Ýazmyrat, Mommat we Berdinyýaz dagy bilen ene-atasynyň elinde önüp-ösýär. Nurmyrat çagalygyndan daýhançylyk, täjirçilik we küşt oýny bilen meşgullanypdyr. Atasynyň bagynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirip, hojalykdan artanyny halka hödürläpdir, kerwenlere goşulyp, goňşy ülkelere argyşa gidipdir. Çagalykdan zähmete bişişip, gujurly, berdaşly we berk bedenli, etjek-goýjagyny bilýän ýigit bolup ýetişýär.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.