Mähir siňen sungat

31 Awgust 2023
650

Türkmen halky zenan maşgalalaryna hemişe hormat goýup, gelin-gyzlarynyň el işlerini sarpalap gelipdir. Öz durmuşyna ýaran bolup gelen milli gymmatlyklar hasaplanylýan el işlerde halkymyzyň durky-dünýäsiniň mähribanlygy bardyr.  Mähir siňdirilen sungatlaryň her biri türkmen halkynyň durmuşynyň bir parçasydyr. Yhlas bilen ýapyşylyp, ýürek mähri siňdirilen el işlerinde deňsiz-taýsyz gözellik bardyr we olar gaýtalanmajak sungat eseridir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar» diýip bellemegi alajalaryň, onda-da düýe ýüňünden taýýarlanan alajalaryň adamlaryň durmuşynda ähmiýetiniň uly bolandygyny görkezýär. Täze gelne, täze dünýä inen bäbejige alajabaglary ýörite taýýarlap dakmaklary hem durmuşymyzyň mirasy ýörelgesidir we yrylmaz yrymydyr. Inçe we nepis iş hasap edilýän alajabaglaryň görnüşleri örän köpdür. Ýönekeý ak we gara sapakdan hem nagyşlanan ýaly alajalar taýýarlanýar. Milli el keşdelerde hem alaja nagyşlar aralanyp salynýar. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp el işleriniň biri bolan alajalar inçe sungat bolmak bilen birlikde, örän gadymydyr. Halkymyz öz ak öýüni gurnanda hem dürli hili alajabaglary bilen berkidipdir. Sallançak bagyny owadanlap, işip hem örüp taýýarlan türkmen zenanlary öýüň güneşi bolan bäbejigiň gundak bagyny-da diýseň owadan, ýumşajyk alajabag bilen baglapdyrlar. Häzirki bagtyýar zamanamyzda gelnalyjy kejebe maşynlary-da alajabaglar we türkmen milli şaý-sepleri bilen bezelýär. Alajanyň tow berlip işilen, kakylan hem-de örülen görnüşleri bolup, olar «goşma alaja», «ýönekeý alaja», «kakma alaja» ýaly onlarça görnüşlere bölünýär.

Altyn SARYÝEWA,
Žurnalist.