Çalasynlygy we ugurtapyjylygy ösdürýän oýun

25 Awgust 2023
535

Hepdäniň şenbe güni agşamara agtyklarym aşyk torbasy bilen ýanyma gelip: «Ata, köp aşyklarym bar. Gel, aşyk oýnaly!» diýip, torbanyň içindäki aşyklaryny halyň üstüne oklady. Men hem dürli görnüşdäki aşyklary goşawujyma alyp, ýuwaşlyk bilen ikiýana şagyrdadyp, agtyklarym bilen aşyk oýnunyň haýsy görnüşini oýnajagym barada pikirlenip, oglanlyk döwrümiziň ýatlama girdabyny gulaçlap ýüzmäge başladym. Çaga wagtlarymyz deň-duş oglanlarymyz bilen hojalyk işlerinden elimiz sypyndygy aşyk oýnamaga mähetdel bolardyk. Ol döwürler aşygam bol däldi.

Ýurdumyzyň çägindäki gadymy ýadygärlikler bolan Änewde, Altyndepede, Namazgadepede, Garadepede we beýleki ýerlerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýylmanak aşyklaryň, kenekleriň, topazlaryň we şuňa meňzeşleriň tapylmagy aşyk oýnunyň gadymylygyna şaýatlyk edýär. Gyzyklylygy, özüne çekijiligi, ähmiýeti, şonuň ýaly-da, ýönekeýligi taýdan aşyk oýny beýleki milli oýunlardan has tapawutlanýar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.