Zer gadyryny zergär biler

30 Awgust 2023
517

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde ruhy seždegähimiz Magtymguly atamyzyň “Berkarar döwlet istärin” diýen ganatly arzuwy amala aşdy. Gündogaryň beýik akyldary hem türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň dünýä hakydasy atly maksatnamasynyň sanawyna girizilmegi, Türki dilli döwletleriň halkara medeni guramasynyň karary bilen “2024-nji ýylyň Halkara Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip atlandyrylýandygy baradaky şatlykly habarlar halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy.

Garaşsyz eziz Diýarymyzy gurşap alan şatlykly habarlary eşidenimde, geçen asyryň ahyrky ýyllarynda özüniň bütin ömrüni şeýle guwançly waka garaşyp, aramyzdan bakyýete giden bir mährem ýazyjynyň nurana keşbi biygtyýar göz öňümde janlandy. Men ýazyjy dostumyz Amanny Ataýewi ýönelige ýatlamadym. Çünki, “Zer gadyryny, zergär biler.” diýilişi ýaly, ol Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hakyky janköýeridi. Has dogrusy, akyldar şahyryň paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň çyn aşygydy.