Ümür Eseni ýatlap

11 Sentýabr 2023
714

Mirasgäriň ömür ýoly barada gysgaça durup geçsek, ol 1939-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň 2-nji Sugty obasynda, çopan maşgalasynda dogulýar. Etrapdaky 9-njy orta mekdebi tamamlap, Baýramaly şäherindäki şol wagtky mehanizasiýa ýörite orta hünär mekdebinde okap, soň obasynda traktorçylar brigadasynyň brigadiri bolup işleýär. 1966-njy ýylda bolsa Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň gaýybana bölümine okuwa girýär. 1972-nji ýylda bu ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, obalaryndaky mekdepde mugallym bolup işe başlaýar.

Şol ýyllarda Ümür aga hysyrdyly işleriniň daşyndan medeni mirasymyzy, köne däp-dessurlarymyzy öwrenmäge has içgin girişip ugraýar.

Halmuhammet HAJYÝEW.
Türkmenbaşy şäheri, mirasy öwreniji.