Türkmenistan – bagtly Çagalygyň ýurdy

25 Awgust 2023
691

Bagtyýarlyk köptaraply, öwüşgine baý we giň mazmuna eýe düşünjedir. Ony her kim özüçe göz öňüne getirýär, onuň ölçeglerini özüçe kesgitleýär. Täze taryhy eýýamyň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlygy çagalaryň şadyýan gülki seslerinde, ýurdumyzyň abadançylygynda, halkymyzyň bol-elin durmuşynyň mysalynda şöhlelenýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatynyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde güneşli Diýarymyz bagtyýar çagalaryň, bagtly çagalygyň mekanyna öwrülýär. Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaş nesillerimiz hemişe üns-alada bilen gurşalýar. Çagalaryň durmuş taýdan goraglylygy täze taryhy eýýamda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülýär. Ata Watanymyzyň daýanjy, bagtyýar halkymyzyň dowamaty hasaplanýan çagalaryň kämil bilim-terbiýe almaklary, sagdyn bedenli, milli ýörelgelerimize ygrarly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Döwletgeldi DURDYMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary.