Haly — türkmeniň kalby

6 Sentýabr 2023
536

«Suw — türkmeniň ýaşaýşy, at — türkmeniň ganaty, haly — türkmeniň kalby» diýen halk pähimi bar. Haly türkmen durmuşynyň tutuş dowamynda ýakyn hemrasydyr. Ajaýyp sungatyň eýesi bolan türkmen gelin-gyzlarynyň çeper elleriniň zähmetinden dörän halydyr palaslar türkmen öýleriniň bezegidir. Şeýle nepis haly önümleriniň gölleriniň öwüşginli reňkleri biziň gözel tebigatymyzdan alnypdyr. Bu bolsa gözellige teşne türkmen zenanlarymyzyň haly sungatymyzy döretmekdäki ussatlyklaryny görkezýär. Ene-mamalarymyz gyz-gelinlere halyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny ussatlyk bilen öwredipdirler. Şeýdip hem ussatlardan ussatlar döräp, haly sungaty öz ähmiýetini ýitirmän barha kämilleşip, biziň şu günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Halyçylyk sungaty Watanymyzyň, halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nury bilen äleme şöhle saçýar. Gelin-gyzlarymyzyň mähir-yhlasy bilen döreýän halylaryň her bir çitimi, gölleri belent söýgä ýugrulandyr.

Haýytgül ATAÝEWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.