Gökböri

12 Sentýabr 2023
692

Arada bir tanşymyň Köýtendag etrabynyň Hojaýpil obasynda bolan toýda ilkinji gezek «Owlak gapdy» (ýerli ilat bu oýny «Köpkäri» diýip atlandyrýan eken) oýnuna tomaşa edendigini gürrüň bermegi maňa owgan topragynda geçen çagalyk, ýetginjeklik döwürlerimi ýatlatdy. Sebäbi bu oýun owganystanly türkmenleriň toýlarynda göreş bilen deň derejede görlerdi. Sähel gurby çatan hojalyk ulurak toý etse, hökman «Owlak gapdy» oýnuny gurnardy. Owganystanly türkmenleriň arasynda «Owlak gapdy», käte «Owlak oýny», «Gökböri» atlary bilen meşhurlyga ýeten bu oýun aşa şüweleňliligi bilen-de, ýigitlerde batyrlyk, mertlik, çydamlylyk, tutanýerlilik, edermenlik, eserdeňlik ýaly gowy häsiýetleri terbiýeleýändigi bilen-de köpleriň ünsüni özüne çekýär.

Bu oýun baradaky gürrüň maňa ýene-de bir wakany ýatlatdy. Ol 2007-nji ýylyň 10-15-nji marty aralygynda, Gahryman Arkadagymyzyň ählihalk saýlawlary esasynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişenine ýaňy bir aý geçende bolupdy. Şonda, turuwbaşdan, belent ynsanperwer işleri amala aşyryp ugran Gahryman Arkadagymyz goňşy owgan topragynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleri hem-de beýleki halklary ruhy we maddy taýdan goldamak maksady bilen düzüminde ýazyjy-şahyrlardyr alymlar, sungat ussatlarydyr jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolan uly medeni topary Owganystanyň demirgazyk sebitindäki Jöwizjan, Balh, Gunduz welaýatlaryna iberipdi. Şol gezek ata Watanymyzda amala aşyrylýan täze özgertmeler hakyndaky täsirli gürrüňler, sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen milli aýdym-sazlarymyz heniz-henizlerem ýadymyzdan çykanok. Wekilçilikli toparyň Owganystanyň welaýat merkezleri bolan Mazeri-Şerif, Gunduz, Şybyrgan şäherlerindäki Ýetim çagalar öýlerine baryp, Gahryman Arkadagymyzyň iberen sowgatlaryny gowşurmaklary bolsa Milli Liderimiziň belent ynsanperwer sypatlaryny bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykarypdy.

Abduleziz NURHAN,
Saud Arabystany Patyşalygy,Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň şahsy agzasy.