Mirasa öwrülen mirasgär

30 Awgust 2023
745

Şahsy arhiwimde agam Aşyrberdi Kürtden miras galan ýazgylar bar. Saralyp giden kagyz bukjalara ýerleşdirilen ýazgylaryň arasynda mirasgär Ümür Eseniň dürli ýyllarda metbugat neşirlerinde çap bolan makalalary jemlenip goýlupdyr. Ýazgylary her gezek okanymda, Ümür aganyň keşbi göz öňüme gelýär. Bir mahallar ol şägirdi, häzir özi halypalyga ýeten mirasgär, žurnalist Atamyrat Şagulyýewiň telegörüjileriň mydamalyk ýadynda galan «Ýedigen» atly edebi-sazly gepleşiginde kän çykyş ederdi. Onuň gözlerini ýumup, ellerini özboluşly hereketlendirip çykyş etmesi, aýdýan wakasyny, rowaýatlaryň many-mazmunyny çeperçilik bilen gürrüň berşi häzirem ýadymda.

2005-nji ýyldy. Ol wagtlar häzirki «Zenan kalby» žurnalynda işleýärdim. Bir gün redaksiýada kompýuteriň başynda hat ýazyp otyrdym. Gapydan salam berip, Ümür aga geldi. «Giriberiň, ýaşuly. Bölümde gyzlar bardyr» diýip, iş otaglaryň birine elimi uzatdym. Ýarym sagada golaý oturyp, hat ýazyp boldum-da, bölüme bardym. Ümür aga maňa: