Gadymy we müdimi senet

28 Awgust 2023
609

«Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda

Halkymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren gymmatlyklarynyň biri hem milli lybaslarymyzdyr. Medeniýetimiziň genji-hazynasyny düzýän, mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň hatarynda durýan milli lybaslarymyz halkymyzyň çeper döredijiliginiň nepis gözelliklerini özünde jemleýär. Egin-eşikler howanyň şertlerine, ýaş aýratynlygyna, gündelik durmuş, şeýle hem toý däplerine laýyklykda taýýarlanylypdyr. Olar milli çeper-bezeg sungatynyň kämil nusgasy bolan keşdeler bilen keşdelenip, has gözel görnüşe eýe bolupdyr. Şeýlelikde, müňlerçe ýyllaryň tejribesi esasynda geýinmegiň medeniýeti döräpdir. Gadymy däplerine-dessurlaryna ygrarly halkymyz milli geýim-gejimleri taýýarlamagyň we geýinmegiň medeniýetini hem arkama-arka dowam etdirip, ýokary derejä ýetiripdir.

Ogultäç HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.