Belent ynam täze üstünliklere ruhlandyrýar

28 Awgust 2023
698

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşyp, munuň özi halkara jemgyýetçilik tarapyndan hem ykrar edilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasynyň — ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Berkarar Watanymyzyň geljegi ylym-bilimden ýüki ýetik, zehinli, häzirki zaman tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sagdyn hem ruhubelent ýaşlara baglydyr. Hut şonuň üçin-de, ýaşlar syýasaty döwlet derejesinde alnyp barlyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýaş nesilleriň okamagy, hünär öwrenmegi, hemişe sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanyp, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredildi. Hormatly Arkadagymyzyň bu ugurdaky beýik başlangyçlaryny döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi, hususan-da, üstümizdäki ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda ýaşlaryň näderejede üns-alada bilen gurşalandygyny aýdyň görkezýär.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary.