"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmen Standartlar maglumat merkezi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesi 201-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-25-76

Habarlar

Hyzlawuk kädi

Çagalar, siz «Görogly» şadessanyny okan bolsaňyz, onda «hyzlawuk kädi» diýen söz düzümine köp gabat gelensiňiz. Bu meňzetme hökmünde ulanylýar. «Hyzlawuk kädi» söz düzümi çagalar üçin-ä däl, eýsem, uly ýaşlylaryň köpüsi üçinem düşnükli däl bolsa gerek. Hyzlawuk kädiniň nämedigini siziňem bilmeýän bolmagyňyz mümkin. Hyzlawuk kädi, bir söz bilen aýdanyňda, çaga oýnawajy. Özem suw kädiniň düýp tarapyndan, ýagny tekiz ýerinden köke şekilinde tegelek edilip kesilip ýasalýar. Ol pyrlananda hyzlap seslener ýaly tegelegiň daşy byçgynyň dişiniň şekilinde erez-erez edilip kesilýär. Soňam ortasyndan ýanaşyk iki deşik deşip, ondanam ýüp ötürýärler.Ýüpüň iki ujundan tutup pyrlasaň, ýüp gowy tow alýar. Tow alyp, gowy ýygrylan ýüpüň iki tarapyndan çekeniňde, ýaňky kädi bölegi çözülýän towuň badyna hyzlap seslenýär. Suw kädiniň düýp tarapyndan ýasalýan bu oýunjagyň «hyzlawuk kädi» ady şondan galan bolmaly. Ýeri gelende aýdylsa, bu oýunjagyň «pyzlawuk kädi» diýlip atlandyrylyşyna hem duş gelmek bolýar.

Küştdepdi hakynda maglumatlar

- Türkmen halk döredijiliginiň bu žanry türkmen milli toýlarynyň esasy bezegidir. - Ol ýaşlyk joşgunynyň, owadanlygyň, çalt we çeýe hereketiň tansy hasaplanýar. Tans ýaşlaryň we gyzlaryň hoş labyzly «gazal» aýtmaklaryndan başlanýar.

Geologiýa bagyşlanan ömür

Alym zenan Toty Rozyýewa 50 ýyla ýakyn zähmet ýoluny geolog hünärine bagyşlapdyr. Saralyp giden arhiw ýazgylaryň arasyndaky dürli ýyllarda neşir edilen gazet-žurnallarda ol barada ýazylan makalalar, onuň öz ýazan makalalary, baş sahypalarda çap edilen suratlary bizi has-da gyzyklandyrdy we şu ýazgylaryň döremegine sebäp boldy. Toty Rozyýewa Lebap welaýatynyň häzirki Saýat etrabynyň (öňki Sakar etrabynyň) 1-nji ýediýyllyk mekdebinde okaýarka tebigatyň täsinlikleri, has-da geografiýa sapagy özüne çekipdir. Geografiýa mugallymynyň sapakdan daşary geçirýän işleri onuň bu ugra bolan höwesini artdyrypdyr. Şonuň üçin ony şol döwürde işgär ýetmezçiligi sebäpli, 1942-nji ýyldan 1946-njy ýyla çenli öz okap gutaran mekdebinde geografiýa mugallymy edip işe alyp galýarlar.

Nusgasy älem gezer

Türkmeniň haly sungatyna bolan söýgüsi belentdir. Gelin-gyzlaryň on barmagyndan sünnälenip dokalan haly, kilim, keçe, dürli görnüşli torbalardyr çuwallar, şeýle-de keşdelenen çyrpylardyr kürteler, dokalan ýüpek matalar türkmen halkynyň genji-hazynasydyr, milli baýlygydyr. Türkmen öz halysyny kalbyna deňäpdir. Kalbynyň joşgunyny, arzuw-hyýallaryny nagşy bilen halysyna siňdiripdir.   Türkmen inçe egrip, syk dokamagy başarýan halkdyr. Baryp, ir döwürde türkmeniň ak öýüniň içinden başlap, serpigidir durlugy, üzügi keçeler bilen bezelen bolsa, halydyr kilim, çuwaldyr torbalar öýüň içini owadan görkezipdir. Şonuň üçin türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň dokan haly we haly önümlerini taryplaýan: «Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez», «Barmagy eriş ýüzer, nusgasy iller gezer» ýaly parasatly jümleler il içine ýaýrapdyr.

Gadymdan galan miras

Ata-babalarymyz milli mirasymyza çäksiz hormat goýmak bilen, halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryny aýap saklap, ýaş nesillerimize miras galdyrypdyrlar. Milli mirasymyzyň bir bölegini düzýän agaç ussaçylyk senetçiligi bilen halkymyz irki döwürlerden bäri meşgullanypdyr. Ussat agaç ussalarymyz hojalykda ulanylýan ähli zatlaryny öz güneşli topragymyzda bitýän güjüm, söwüt, tut, erik, dagdan ýaly agaçlardan ýasapdyrlar. Olar kersen, çemçe, susak, okara, gülli sandyklary, at arabalaryny, at eýerlerini, guýynyň çarhyny, ikleri, suw çelekleri, alaja örülýän gurallary, aýakgaplaryň galybyny, öýüň uklaryny, tärimlerini, gapylary, gyrkylyk salynýan gowdulary we beýlekileri ýasamagyň ezberlik bilen hötdesinden gelipdirler. Agaçlardan ýasalan bu esbapdyr gurallar özüniň berkligi bilen tapawutlanypdyr.

Asyr aşan elbukja

Türkmen halkynyň sungat derejesine ýetiren milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdeçilikdir. Müňýyllyklardan gözbaş alýan nagyşlaryň, keşdeleriň nepisligi, owadanlygy dünýä halklaryny haýrana goýýar. Munuň şeýledigini milli medeniýetimiziň türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri ýaly birnäçe ugurlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi hem subut edýär. Türkmen zenanlary gadymy döwürlerden bäri ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işleriniň keşde, köjüme, basma, ilme, gaýma ýaly birnäçe usullaryny ýerine ýetiripdirler. Olary aýawly saklap, kämilleşdirip, milli däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz bilen has-da baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek bolsa mukaddes borjumyzdyr.

Watançylyk mekdebi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany türkmen durmuşynyň, ruhy dünýäsiniň örän köp taraplaryny öz içine alýar. Bu ajaýyp eser taryhy döwürler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän düşünjeleriň biri bolsa, türkmen halkynyň watançylyk ruhudyr. Türkmeniň taryhynyň haýsy bir döwrüni alanyňda-da, watançylyk temasy edebiýat dünýäsiniň baş temalarynyň biri bolup durýar. Aslynda, Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kitapda ýazan ýazgylarynda belleýşi ýaly: «Kitabyň esasy gymmaty ondaky Gahrymanlar, adatça, çeper eserlerde bolşy ýaly, toslanyp tapylan Gahrymanlar däl-de, hakykatda bar bolan şahsyýetlerdir, ýagny öz ak ýüreginden çeken zähmeti we söweş edermenligi bilen biziň Watanymyzy şöhratlandyran adamlardyr».

Söz mülküniň şasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli goşgularynyň jahan içre hormaty täze belentliklere göterilýär. Ýakynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzüminiň — ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilendigi hakyndaky degişli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy milli şahyrymyzyň dünýä derejesinde barha artýan mertebesini görkezdi.

Ýagşyny älem arzuwlar

«Alaja — bu paýhasyň salgysy». Türkmen alajasynyň täsiri, manysy barada sansyz kän pikirleriň, bahalaryň, tassyklamalaryň içinden şu kesgitleme hakykata has ýakyn görülýär. Elbetde, ol hemme bezegleriň, lybaslaryň gelşigi. Göz-dilden goranmak babatda-da ähmiýetini inkär edip bolmaz. Ýöne, pikir edip görseň, durmuşyň özi ak-garadan, ýagşy-ýamandan, gije-gündizden mäkäm işilip, ynsanlaryň boýnuna dakylan alajabag ýaly bolup dur. Pelsepewi pikirlenip bilýän adam bilegindäki, boýnundaky ýa lybasyndaky alaja garap, durmuşda kynyň-aňsadyň, ýeňil-agyryň, horlugyň-eşretiň gezekleşip gelip durýandygyna we olara taýýar bolmalydygyna kemsiz düşünýär. Bir syntgylanan setir ýadyma düşýär: «Eger daňyň hökman atjakdygyna ynanmasaň, bir gijäniň tümlügine-de çydap bolmazdy». Ine, şu nukdaýnazardan alajany halkymyz paýhasyň salgysy hasaplaýar. Şu gün ýene-de alajaly gürrüňe dolanmaga düýpli sebäp tapyldy. Hormatly halypa, alym pedagog Çary Gurbangeldiýewiň «Ýagşyny älem arzuwlar» we «Halk ýamanyň bizarydyr» atly «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen saldamly kitaplary elimize gowuşdy. Häzirki çap edilen «Ýagşyny älem arzuwlar» atly kitap öň 2018-nji ýylda çap edilen adybir kitabyň üsti ýetirilen ikinji neşiri bolmak bilen, onda il küýsegli, ynsan zynaty bolan 150 çemesi ýagşy ynsan gylyk-häsiýetleri teswirlenýär. Onuň dowamy we ekiz taýy bolan ikinji kitapda bolsa, ynsan keşbine zeper ýetirýän

Bahar ösen batdyr bedew

Halkymyzda «At agynan ýerde toý bolar» diýlen ajaýyp jümle bar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu günki gün türkmen bedewleri toý-baýramlarymyzyň esasy zynatyna öwrüldi. Şöhratly taryhymyzdan görnüşi ýaly, asyrlaryň dowamynda irginsiz yhlasa we çäksiz mähir-alada eýlenip ýetişdirilen ahalteke bedewleri türkmeniň durmuşynda esasy orny eýeleýär. Türkmen gerçegi hiç wagt özüni atdan üzňe tutman, ony maşgalasynyň bir agzasy hasaplap, janyndan hem eziz görüpdir. Şonuň üçin halkymyzda «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýlen pähim nesilden-nesle geçip gelýär. Halk döredijiliginde-de, nusgawy edebiýatymyzda-da ýazyjy-şahyrlar tarapyndan dal bedewlerimiz iň köp wasp edilýän gymmatlyklaryň hatarynda tanalýar. Arassa ganly, daş keşbi kämil, ynsan gylykly bu wepadar ahalteke bedewlere atlanan türkmen gerçekleri uzak-uzak menzilleri söküpdi, ýurduny duşmandan gorapdy, ýeňişlere ýetipdi.

Keçe nagşy — öýüň kümşi

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň hatarynda keçe we kilim taýýarlamak sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdygyny belledi. Türkmeniň bu inçe senedi baradaky bize gelip ýeten maglumatlar onuň asyrlaryň dowamynda döredijilik gözlegleri bilen baýlaşandygyna güwä geçýär. Türkmeniň keçe sungaty gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. 1990—2000-nji ýyllarda belli rus alymy Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Goňurdepe ýadygärlikler toplumynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde adam eliniň aýasyna barabar bolan ak keçe bölegi tapyldy. 1957— 1963-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Mikluho-Maklaý adyndaky etnologiýa we antropologiýa instituty tarapyndan geçirilen ylmy ekspedisiýa netijesinde Amyderýanyň orta akymynda ýaşan türkmenleriň durmuşynda uly orny eýelän keçeçilik sungaty baradaky maglumatlar ýüze çykaryldy.

Alaja

Zenanlarymyz el hünäriniň inçe hem-de nepis görnüşleri bolan alaja örmekde, jähek çalmakda, aldymgaç kakmakda örän başarjaňlygy bilen tanalýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Ogulabat ejemiziň dokan alajasyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrmagy ene-mamalarymyzyň döreden senedine bolan hormat-sarpanyň nyşanydyr. Ene-mamalarymyz gadymy döwürlerden bäri dürli reňkli ýüpek sapaklardan taýýarlanylýan jähekdir aldymgaç ýüpleri bilen milli lybaslarymyzyň gyrasyny bezäpdirler, işilen alajalary dürlüçe oturdypdyrlar. Alajalar adamy gözden-dilden goraýar diýlip yrym edilse, jähekdir aldymgaçlar lybaslara berklik, pugtalyk üçin tutulypdyr.

Tymsallar

Hakyda Bir goja gar basan meýdan bilen gidip barýarka, gözýaş döküp duran zenan bilen gabatlaşdy.

Dürli daňylar

Tanap, ýüpler bilen berkidilen islendik goş-golam ýa-da mal-gara diňe «daňmak» sözi bilen däl, eýsem, dürli hili sözler arkaly aňladylýar. Şeýle sözler, esasan, mallaryň daňylmagy bilen baglanyşykly köp gabat gelýär. Mysal üçin, ýörite taýýarlanan tanapyň bir ujuny sygryň şahyna, beýleki ujuny atyzlaryň, çilleriň ýakasynda berkidilen gazyga daňýarlar. Muňa «sygyrlaryň örklenmegi» diýlip, atyzlardaky ekinleri iýmezligi üçin ulanylýan usuldyr. Düýe malynda bolsa «duşamak» sözi bilen aňladylyp, onuň öri meýdanyndan uzaga gitmezligi üçin ýörite berk önümlerden öňki aýaklary daňylýar. Düýe malyna, esasanam, ýaş duluçlara, ikiýaşarlara duşak salmak aňsat däl. Duşaklar ýasalanda, düýäniň horlanmazlygy, aýagyny kesmezligi ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulýar. Gylyksyz düýeleri duşamak üçin «badamak» usulyndan peýdalanylýar. Badamak düýeleriň öňki aýaklarynyň iň ýokarsyndan, döşüniň edil düýbünden ýüp bilen daňmaklykdyr. Öňki aýaklary daňlansoň, düýe artykmaç hereket edip bilmeýär. Duşak salnansoň, badag salnan ýüpi aýyrmaly. «Nogta» bolsa düýeleri öýde saklamak üçin kellesine salynýan ýörite taýýarlanan tanapdyr. Düýeleriň käbiri birbada sagdyrmaýar. Gylyksyz düýeleri sagmak üçin olar başda bogsaklanýar. «Bogsak» täze köşeklän düýeleriň artky aýaklaryna salynýan daňy. Bogsak salnan düýe saglyp bolýança artky budundan geçirilen tanapdan çekip durmaly. Düýe malynyň göwresi uly bolandygy ü

El hünäri — il gezer

Nepis sungatyň sarpasy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mähriban enelerimiz, gelin-gyzlarymyz üçin hem ýatdan çykmajak taryhy wakalara baý ýyllaryň biri bolýar. Şeýle wakalaryň biri milletiň käbesi Ogulabat ejäniň el işleriniň, ýagny, ören alajalarynyň we şol alajalary örmekde ulanan guralynyň Döwlet muzeýine sowgat berilmegi bilen baglanyşykly boldy. Biz bu buýsançly waka mynasybetli dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Dehistanyň baýrynda...

Jahankeşdeleriň örän uly gyzyklanma bilen syýahat edýän ýerleriniň biri hem gadymy Dehistandyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň birinji tomunda «Dehistan» ýa-da «Dahystan» sözüniň gelip çykyşyny alymlar türkmenleriň iň iri kowumlary bolan dahlaryň ady bilen baglanyşdyrypdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň Köneürgenji Wizantiýa hem-de arap dünýäsi bilen birleşdirýän ugurlarynyň çatrygynda ýerleşip, Dehistan orta asyrlaryň iň gülläp ösen şäherleriniň biridir. Dehistanyň üstünden köp ýüzýyllyklaryň dowamynda kerwenler geçdiler. Şonuň üçin-de, ol ýerde kerwensaraýlaryň köp gurlandygy geň ýagdaý däldir. Şeýle-de Maşat-Misserian düzlüginiň adynyň nireden gelip çykandygy barada bu kitapdaky rowaýatlarda gürrüň berilýär. Syýahatçylyk barada söz açylanda, tomus günleriniň birinde Dehistana bolan syýahatymyz ýadyma düşýär. Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Maşat-Misseriana — Dehistana syýahat, mukaddes ýerlere zyýarat etmek gyzykly we sogap iş. Biz Serdar şäherinden geçip, Magtymguly etrabyna sowulman, ýüzümizi günorta-günbatara tarap tutup, «Niredesiň Maşat-Misserian?!» diýip, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän düz takyrlygyň üsti bilen ýola düşdük. Bu düz takyrlygyň üstünde birnäçe ýol-ýodalaryň yzlary bizi birbada aljyratdy. «Bu ýollaryň haýsysy bizi Dehistana elterkä?» diýip, biri-birimize sowal berýärdik. Şol gidip barşymyza öňümizden

Gözellik döredýän zenan

«Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýleni rast gürrüň eken. Il agzyna düşen külalyň «öý muzeýini» baryp görmegä hernäçe meýillensem-de, iş-alada bilen zol soňa galdy. Emma nesibäňde bar bolsa, hökman bir zat sebäp bolýan eken. Bosagadan ätlän badyňa, ýönekeý öýe myhman bolup gelmändigiňe göz ýetirýärsiň. Diwarlaryndan petige çenli sungat sergisini ýatladyp duran bu öý ussat küýzegär, Türkmenistanyň halk ussasy Bagtyýar Hojaniýazowyň iň uly we iň täsin sungat eseri — oňa ussadyň külalçylyk, milli keramika sungatynyň hatyrasyna bina eden ýadygärligi diýesiň gelýär. Bu öýe myhman bolmagymyza küýzegäriň küýzegär gyzy Habiba Hojaniýazowanyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Ýylyň çeper elli zenany» adyna mynasyp bolmagy sebäp boldy.

Kitap, kitaphana we kitaphanaçy

Eger okamagy söýýän, kitap­lar dünýäsinde ýaşamagy başarýan adamlar bu söz­leri okanda kalbynda bir mähriban ezizlik duýjagyna ynanýaryn. Sebäbi bu duýgularyň barysy kitaba hormat goýmakdan gelip çykýar. Ata-babalarymyzyň kitaba hormat goýandyklaryny kän çeşmeler habar berýär. Muny biz «Awesta» kitabynyň bize gelip ýeten bölekleriniň mazmuny hem taryhy, däp-dessurlary, tebigaty öwrenmäge kömek edýänligini hem ýatlap bileris. Ýa-da belli alym Wadim Mihaýlowiç Massonyň 1948-nji ýylda Nusaýda gazuw-agtaryş işlerini geçirende keramikanyň ýüzüne ýazylan «Salgyt resminamalary» hem-de «Zaryna hakynda rowaýatlar» diýen ýazgylary tapmagy biziň üçin kitabyň gözbaşynyň has irki döwürlerden başlanýandygyny görkezýär.

Çagalykda galpagym — ulalamda telpegim

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda milli gymmatlyga, milli mirasa bolan buýsanjyny: «Gowy zadyň, kämil medeni gymmatlygyň, ajaýyp sungatyň ömri hemişe uzak bolýar. Ol dürli döwürlerde, her hili ýagdaýlarda-da özüni gorap, halk bilen bile ýaşap gelýär» diýen sözleri bilen tekrarlaýar. Hakykatdan hem, ata-babalarymyzyň goýup giden mirasy, bu gün türkmeni dünýä tanatmagyň genji-hazynasyna öwrüldi. Özleriniň pähim-paýhasyny, gujur-gaýratyny, edep-ekramyny, durmuş tejribesini mil­lilik düşünjesi bilen kebşirlemegi başaran pederlerimiz, türkmeniň sungat derejesine ýeten milli mirasynyň üýtgewsiz binýadyny döredipdirler. Şonuň üçin-de, türkmeniň milli mirasynyň islendigi içgin öwrenilmäge mynasypdyr. Halk arasynda «Gözellik ondur, dokuzysy dondur» diýilýän bir aýtgy bar. Şol dokuzyň biri-de türkmen telpegidir. Türkmen başgabyň derejesini beýleki lybaslara garanda, örän belent derejede goýupdyr.

Her oba­nyň wä­şi­si bar

Türkmen şahandaz, degişmegi, gülüşmegi gowy görýän halk. Türkmenler durmuşyň iň bir kynçylykly döwürlerinde hem gülki bilen ýaşamagy, şeýdibem kalba aram bermegi başarypdyrlar. Toýdur meýlislerde, adamlaryň üýşen ýerlerinde gülküli henek aýdyşmak türkmen halky üçin edil bagşy aýtdyrmak, birine kitap okadyp diňlemek ýaly adata öwrülen ýagdaý. Atly, eşekli, pyýada üýşülip bir ýere gidilende, şundan bir zat çyksa gerek diýilýäne ýüzlenilip, «Pylany aga, ýol kes!» diýilýändir. Onsoň olam adamlaryň ünsüni çekäýjek gyzykly bir zady gürrüň berer. Ýogsamam henek aýdar. Türkmen halkynyň arasynda meşhur bolan «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy bir zady ýadyma saldy. Dogrudanam, şorta sözleri, degişmeleri adamlaryň arasynda gürrüň edip, köpçülige hezil bermek bizde sungat derejesine ýeten zatlaryň biri. Şonda Ependiniň şorta sözlerine aýratyn uly orun degişli bolup durýar .