Bahar ösen batdyr bedew

11 Oktýabr 2023
782

Halkymyzda «At agynan ýerde toý bolar» diýlen ajaýyp jümle bar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu günki gün türkmen bedewleri toý-baýramlarymyzyň esasy zynatyna öwrüldi. Şöhratly taryhymyzdan görnüşi ýaly, asyrlaryň dowamynda irginsiz yhlasa we çäksiz mähir-alada eýlenip ýetişdirilen ahalteke bedewleri türkmeniň durmuşynda esasy orny eýeleýär.

Türkmen gerçegi hiç wagt özüni atdan üzňe tutman, ony maşgalasynyň bir agzasy hasaplap, janyndan hem eziz görüpdir. Şonuň üçin halkymyzda «Irden turup ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýlen pähim nesilden-nesle geçip gelýär. Halk döredijiliginde-de, nusgawy edebiýatymyzda-da ýazyjy-şahyrlar tarapyndan dal bedewlerimiz iň köp wasp edilýän gymmatlyklaryň hatarynda tanalýar. Arassa ganly, daş keşbi kämil, ynsan gylykly bu wepadar ahalteke bedewlere atlanan türkmen gerçekleri uzak-uzak menzilleri söküpdi, ýurduny duşmandan gorapdy, ýeňişlere ýetipdi.

Merjen TURAPOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty, ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.