Ýagşyny älem arzuwlar

12 Oktýabr 2023
681

«Alaja — bu paýhasyň salgysy». Türkmen alajasynyň täsiri, manysy barada sansyz kän pikirleriň, bahalaryň, tassyklamalaryň içinden şu kesgitleme hakykata has ýakyn görülýär. Elbetde, ol hemme bezegleriň, lybaslaryň gelşigi. Göz-dilden goranmak babatda-da ähmiýetini inkär edip bolmaz. Ýöne, pikir edip görseň, durmuşyň özi ak-garadan, ýagşy-ýamandan, gije-gündizden mäkäm işilip, ynsanlaryň boýnuna dakylan alajabag ýaly bolup dur. Pelsepewi pikirlenip bilýän adam bilegindäki, boýnundaky ýa lybasyndaky alaja garap, durmuşda kynyň-aňsadyň, ýeňil-agyryň, horlugyň-eşretiň gezekleşip gelip durýandygyna we olara taýýar bolmalydygyna kemsiz düşünýär. Bir syntgylanan setir ýadyma düşýär: «Eger daňyň hökman atjakdygyna ynanmasaň, bir gijäniň tümlügine-de çydap bolmazdy». Ine, şu nukdaýnazardan alajany halkymyz paýhasyň salgysy hasaplaýar.

Şu gün ýene-de alajaly gürrüňe dolanmaga düýpli sebäp tapyldy. Hormatly halypa, alym pedagog Çary Gurbangeldiýewiň «Ýagşyny älem arzuwlar» we «Halk ýamanyň bizarydyr» atly «Ylym» neşirýaty tarapyndan çap edilen saldamly kitaplary elimize gowuşdy. Häzirki çap edilen «Ýagşyny älem arzuwlar» atly kitap öň 2018-nji ýylda çap edilen adybir kitabyň üsti ýetirilen ikinji neşiri bolmak bilen, onda il küýsegli, ynsan zynaty bolan 150 çemesi ýagşy ynsan gylyk-häsiýetleri teswirlenýär. Onuň dowamy we ekiz taýy bolan ikinji kitapda bolsa, ynsan keşbine zeper ýetirýän we dünýäniň tagam-lezzetini gaçyrýan 240 çemesi oňlanylmaýan keşp-gylyklara häsiýetnama berilýär.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW,
žurnalist.