El hünäri — il gezer

11 Oktýabr 2023
629

Nepis sungatyň sarpasy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mähriban enelerimiz, gelin-gyzlarymyz üçin hem ýatdan çykmajak taryhy wakalara baý ýyllaryň biri bolýar. Şeýle wakalaryň biri milletiň käbesi Ogulabat ejäniň el işleriniň, ýagny, ören alajalarynyň we şol alajalary örmekde ulanan guralynyň Döwlet muzeýine sowgat berilmegi bilen baglanyşykly boldy. Biz bu buýsançly waka mynasybetli dürli ugurlarda zähmet çekýän zenanlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.