Keçe nagşy — öýüň kümşi

11 Oktýabr 2023
841

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň hatarynda keçe we kilim taýýarlamak sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdygyny belledi. Türkmeniň bu inçe senedi baradaky bize gelip ýeten maglumatlar onuň asyrlaryň dowamynda döredijilik gözlegleri bilen baýlaşandygyna güwä geçýär.

Türkmeniň keçe sungaty gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. 1990—2000-nji ýyllarda belli rus alymy Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygynda Goňurdepe ýadygärlikler toplumynda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde adam eliniň aýasyna barabar bolan ak keçe bölegi tapyldy. 1957— 1963-nji ýyllarda Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň Mikluho-Maklaý adyndaky etnologiýa we antropologiýa instituty tarapyndan geçirilen ylmy ekspedisiýa netijesinde Amyderýanyň orta akymynda ýaşan türkmenleriň durmuşynda uly orny eýelän keçeçilik sungaty baradaky maglumatlar ýüze çykaryldy.

Hatyja TAGANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.