Çagalykda galpagym — ulalamda telpegim

10 Oktýabr 2023
677

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda milli gymmatlyga, milli mirasa bolan buýsanjyny: «Gowy zadyň, kämil medeni gymmatlygyň, ajaýyp sungatyň ömri hemişe uzak bolýar. Ol dürli döwürlerde, her hili ýagdaýlarda-da özüni gorap, halk bilen bile ýaşap gelýär» diýen sözleri bilen tekrarlaýar. Hakykatdan hem, ata-babalarymyzyň goýup giden mirasy, bu gün türkmeni dünýä tanatmagyň genji-hazynasyna öwrüldi. Özleriniň pähim-paýhasyny, gujur-gaýratyny, edep-ekramyny, durmuş tejribesini mil­lilik düşünjesi bilen kebşirlemegi başaran pederlerimiz, türkmeniň sungat derejesine ýeten milli mirasynyň üýtgewsiz binýadyny döredipdirler. Şonuň üçin-de, türkmeniň milli mirasynyň islendigi içgin öwrenilmäge mynasypdyr.

Halk arasynda «Gözellik ondur, dokuzysy dondur» diýilýän bir aýtgy bar. Şol dokuzyň biri-de türkmen telpegidir. Türkmen başgabyň derejesini beýleki lybaslara garanda, örän belent derejede goýupdyr.

Akbibi GURBANNAZAROWA,
Balkan welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri, mirasgär.