Watançylyk mekdebi

12 Oktýabr 2023
702

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romany türkmen durmuşynyň, ruhy dünýäsiniň örän köp taraplaryny öz içine alýar. Bu ajaýyp eser taryhy döwürler bilen hem berk baglanyşyklydyr. Onuň içinden eriş-argaç bolup geçýän düşünjeleriň biri bolsa, türkmen halkynyň watançylyk ruhudyr. Türkmeniň taryhynyň haýsy bir döwrüni alanyňda-da, watançylyk temasy edebiýat dünýäsiniň baş temalarynyň biri bolup durýar.

Aslynda, Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kitapda ýazan ýazgylarynda belleýşi ýaly: «Kitabyň esasy gymmaty ondaky Gahrymanlar, adatça, çeper eserlerde bolşy ýaly, toslanyp tapylan Gahrymanlar däl-de, hakykatda bar bolan şahsyýetlerdir, ýagny öz ak ýüreginden çeken zähmeti we söweş edermenligi bilen biziň Watanymyzy şöhratlandyran adamlardyr».

Remezan GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Merkezi edarasynyň harby gullukçysy, maýor.