Geologiýa bagyşlanan ömür

16 Oktýabr 2023
613

Alym zenan Toty Rozyýewa 50 ýyla ýakyn zähmet ýoluny geolog hünärine bagyşlapdyr. Saralyp giden arhiw ýazgylaryň arasyndaky dürli ýyllarda neşir edilen gazet-žurnallarda ol barada ýazylan makalalar, onuň öz ýazan makalalary, baş sahypalarda çap edilen suratlary bizi has-da gyzyklandyrdy we şu ýazgylaryň döremegine sebäp boldy.

Toty Rozyýewa Lebap welaýatynyň häzirki Saýat etrabynyň (öňki Sakar etrabynyň) 1-nji ýediýyllyk mekdebinde okaýarka tebigatyň täsinlikleri, has-da geografiýa sapagy özüne çekipdir. Geografiýa mugallymynyň sapakdan daşary geçirýän işleri onuň bu ugra bolan höwesini artdyrypdyr. Şonuň üçin ony şol döwürde işgär ýetmezçiligi sebäpli, 1942-nji ýyldan 1946-njy ýyla çenli öz okap gutaran mekdebinde geografiýa mugallymy edip işe alyp galýarlar.

Akgül SAPAROWA,
«Nebit-gaz».