Hyzlawuk kädi

16 Oktýabr 2023
1261

Çagalar, siz «Görogly» şadessanyny okan bolsaňyz, onda «hyzlawuk kädi» diýen söz düzümine köp gabat gelensiňiz. Bu meňzetme hökmünde ulanylýar. «Hyzlawuk kädi» söz düzümi çagalar üçin-ä däl, eýsem, uly ýaşlylaryň köpüsi üçinem düşnükli däl bolsa gerek. Hyzlawuk kädiniň nämedigini siziňem bilmeýän bolmagyňyz mümkin.

Hyzlawuk kädi, bir söz bilen aýdanyňda, çaga oýnawajy. Özem suw kädiniň düýp tarapyndan, ýagny tekiz ýerinden köke şekilinde tegelek edilip kesilip ýasalýar. Ol pyrlananda hyzlap seslener ýaly tegelegiň daşy byçgynyň dişiniň şekilinde erez-erez edilip kesilýär. Soňam ortasyndan ýanaşyk iki deşik deşip, ondanam ýüp ötürýärler.Ýüpüň iki ujundan tutup pyrlasaň, ýüp gowy tow alýar. Tow alyp, gowy ýygrylan ýüpüň iki tarapyndan çekeniňde, ýaňky kädi bölegi çözülýän towuň badyna hyzlap seslenýär. Suw kädiniň düýp tarapyndan ýasalýan bu oýunjagyň «hyzlawuk kädi» ady şondan galan bolmaly. Ýeri gelende aýdylsa, bu oýunjagyň «pyzlawuk kädi» diýlip atlandyrylyşyna hem duş gelmek bolýar.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.