Gözellik döredýän zenan

10 Oktýabr 2023
734

«Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýleni rast gürrüň eken. Il agzyna düşen külalyň «öý muzeýini» baryp görmegä hernäçe meýillensem-de, iş-alada bilen zol soňa galdy. Emma nesibäňde bar bolsa, hökman bir zat sebäp bolýan eken.

Bosagadan ätlän badyňa, ýönekeý öýe myhman bolup gelmändigiňe göz ýetirýärsiň. Diwarlaryndan petige çenli sungat sergisini ýatladyp duran bu öý ussat küýzegär, Türkmenistanyň halk ussasy Bagtyýar Hojaniýazowyň iň uly we iň täsin sungat eseri — oňa ussadyň külalçylyk, milli keramika sungatynyň hatyrasyna bina eden ýadygärligi diýesiň gelýär. Bu öýe myhman bolmagymyza küýzegäriň küýzegär gyzy Habiba Hojaniýazowanyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Ýylyň çeper elli zenany» adyna mynasyp bolmagy sebäp boldy.

Gurban GURBANOW,
žurnalist.