Nusgasy älem gezer

16 Oktýabr 2023
845

Türkmeniň haly sungatyna bolan söýgüsi belentdir. Gelin-gyzlaryň on barmagyndan sünnälenip dokalan haly, kilim, keçe, dürli görnüşli torbalardyr çuwallar, şeýle-de keşdelenen çyrpylardyr kürteler, dokalan ýüpek matalar türkmen halkynyň genji-hazynasydyr, milli baýlygydyr. Türkmen öz halysyny kalbyna deňäpdir. Kalbynyň joşgunyny, arzuw-hyýallaryny nagşy bilen halysyna siňdiripdir.  

Türkmen inçe egrip, syk dokamagy başarýan halkdyr. Baryp, ir döwürde türkmeniň ak öýüniň içinden başlap, serpigidir durlugy, üzügi keçeler bilen bezelen bolsa, halydyr kilim, çuwaldyr torbalar öýüň içini owadan görkezipdir. Şonuň üçin türkmen halkynyň eli çeper zenanlarynyň dokan haly we haly önümlerini taryplaýan: «Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez», «Barmagy eriş ýüzer, nusgasy iller gezer» ýaly parasatly jümleler il içine ýaýrapdyr.

Güljahan GOÇUMOWA,
«Diýar».