Dürli daňylar

11 Oktýabr 2023
534

Tanap, ýüpler bilen berkidilen islendik goş-golam ýa-da mal-gara diňe «daňmak» sözi bilen däl, eýsem, dürli hili sözler arkaly aňladylýar. Şeýle sözler, esasan, mallaryň daňylmagy bilen baglanyşykly köp gabat gelýär. Mysal üçin, ýörite taýýarlanan tanapyň bir ujuny sygryň şahyna, beýleki ujuny atyzlaryň, çilleriň ýakasynda berkidilen gazyga daňýarlar. Muňa «sygyrlaryň örklenmegi» diýlip, atyzlardaky ekinleri iýmezligi üçin ulanylýan usuldyr. Düýe malynda bolsa «duşamak» sözi bilen aňladylyp, onuň öri meýdanyndan uzaga gitmezligi üçin ýörite berk önümlerden öňki aýaklary daňylýar. Düýe malyna, esasanam, ýaş duluçlara, ikiýaşarlara duşak salmak aňsat däl. Duşaklar ýasalanda, düýäniň horlanmazlygy, aýagyny kesmezligi ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulýar. Gylyksyz düýeleri duşamak üçin «badamak» usulyndan peýdalanylýar. Badamak düýeleriň öňki aýaklarynyň iň ýokarsyndan, döşüniň edil düýbünden ýüp bilen daňmaklykdyr. Öňki aýaklary daňlansoň, düýe artykmaç hereket edip bilmeýär. Duşak salnansoň, badag salnan ýüpi aýyrmaly. «Nogta» bolsa düýeleri öýde saklamak üçin kellesine salynýan ýörite taýýarlanan tanapdyr.

Düýeleriň käbiri birbada sagdyrmaýar. Gylyksyz düýeleri sagmak üçin olar başda bogsaklanýar. «Bogsak» täze köşeklän düýeleriň artky aýaklaryna salynýan daňy. Bogsak salnan düýe saglyp bolýança artky budundan geçirilen tanapdan çekip durmaly. Düýe malynyň göwresi uly bolandygy üçin, belli bir düzgünde saklamaga dürli usullary ulanmaly bolýar. «Owsarlamak» hem şolaryň biri bolup, ol, esasan, kellesine salynýan nogtanyň has berk görnüşidir. Owsarlanan mal eýesiniň erk-islegine görä hereket edýär.

Begenç BAÝNEPESOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 86-njy orta mekdebiň mugallymy.