Asyr aşan elbukja

14 Oktýabr 2023
827

Türkmen halkynyň sungat derejesine ýetiren milli el işleriniň naýbaşylarynyň biri-de keşdeçilikdir. Müňýyllyklardan gözbaş alýan nagyşlaryň, keşdeleriň nepisligi, owadanlygy dünýä halklaryny haýrana goýýar. Munuň şeýledigini milli medeniýetimiziň türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri ýaly birnäçe ugurlarynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi hem subut edýär.

Türkmen zenanlary gadymy döwürlerden bäri ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän el işleriniň keşde, köjüme, basma, ilme, gaýma ýaly birnäçe usullaryny ýerine ýetiripdirler. Olary aýawly saklap, kämilleşdirip, milli däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz bilen has-da baýlaşdyryp, geljekki nesillere ýetirmek bolsa mukaddes borjumyzdyr.

Ogulbibi TUWAKBAÝEWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň işgäri.