Dehistanyň baýrynda...

10 Oktýabr 2023
689

Jahankeşdeleriň örän uly gyzyklanma bilen syýahat edýän ýerleriniň biri hem gadymy Dehistandyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň birinji tomunda «Dehistan» ýa-da «Dahystan» sözüniň gelip çykyşyny alymlar türkmenleriň iň iri kowumlary bolan dahlaryň ady bilen baglanyşdyrypdyrlar. Beýik Ýüpek ýolunyň Köneürgenji Wizantiýa hem-de arap dünýäsi bilen birleşdirýän ugurlarynyň çatrygynda ýerleşip, Dehistan orta asyrlaryň iň gülläp ösen şäherleriniň biridir. Dehistanyň üstünden köp ýüzýyllyklaryň dowamynda kerwenler geçdiler. Şonuň üçin-de, ol ýerde kerwensaraýlaryň köp gurlandygy geň ýagdaý däldir. Şeýle-de Maşat-Misserian düzlüginiň adynyň nireden gelip çykandygy barada bu kitapdaky rowaýatlarda gürrüň berilýär.

Syýahatçylyk barada söz açylanda, tomus günleriniň birinde Dehistana bolan syýahatymyz ýadyma düşýär. Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Maşat-Misseriana — Dehistana syýahat, mukaddes ýerlere zyýarat etmek gyzykly we sogap iş. Biz Serdar şäherinden geçip, Magtymguly etrabyna sowulman, ýüzümizi günorta-günbatara tarap tutup, «Niredesiň Maşat-Misserian?!» diýip, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän düz takyrlygyň üsti bilen ýola düşdük. Bu düz takyrlygyň üstünde birnäçe ýol-ýodalaryň yzlary bizi birbada aljyratdy. «Bu ýollaryň haýsysy bizi Dehistana elterkä?» diýip, biri-birimize sowal berýärdik. Şol gidip barşymyza öňümizden motosiklde gelýän ýolagçy gabat geldi. Biz ýolagçydan Dehistanyň salgysyny soranymyzda, ol: «Bu ýoda-ýollaryň ählisi hem takyryň ahyrynda jemlenip, sizi Dehistana elter, ýöne sagat öýlän üç töweregi bu takyryň üstünde tozanly ýel turýandyr. Siz hiç hili aljyraman, ulagyňyzy saklap, az-kem garaşsaňyz gowy bolar, bu ýel bary-ýogy ýarym sagadyň içinde sowlar» diýdi. Bu sözler syýahatçylaryň bilesigelijiligini has-da artdyrdy. Ýolagçynyň aýdyşy ýaly hem boldy. Gün ýaşmanka Dehistana baryp ýetdik. Biziň ählimiz ulaglardan düşen badymyza arheologik ýadygärlige öwrülen gadymy şäheriň taryhyny diňlemäge we görmäge howlukdyk.

Tirkişmyrat DURDYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.