"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Özboluşly bezeg ösümlikleri

Ak şa aýaly Ösümligiň täsin görnüşiniň şahyrana ady «Ak şa aýaly» diýlip atlandyrylýar. Bu at oňa tötänleýin berlen däldir. Adyndan belli bolşy ýaly, ol ak reňkliligi hem-de näzikligi bilen beýleki güllerden düýbünden tapawutlanýar.

Bahar — bagt serpaýy

Bu gün ýazyň ilkinji güni. Kalbyňa täsin juwanlyk duýgusyny bagyş edýän baharyň ýene-de gaýtalanyp gelmegi ömrüň täze peşgeşi. Ýere ýyly girmegi bilen Zemin eýýäm gerşine ýaşyl öýmesini atyndy. Säher bilen ören badyňa guşlaryň täsin jürküldileriniň çar ýana ýaýrap gitmegi, adaja şemalyň pyntyklan şahalaryň başyny ikibaka yramasy, käýarym ýaz ýagşynyň sepeläp geçmegi, asmandaky bulutlaryň ak pamyk mysaly lemmerlenip, süýşüp barmagy, dogup gelýän Günüň ýylysynyň we mähir nurunyň artmagy kalbyňy heýjana salýar. Baharyň mylaýym demi ýaňagyňa degen dessine ýaşaýşa bolan söýgiň güýjäp, ýüregiňe mähir-muhabbet aralaşýar. Şonda ençeme baharlaryň gujagynda ýazlamaga beren mümkinçiligi üçin ykbalyňdan hoşal bolýarsyň-da, eňegiňi elleriňe diräp geçen ýoluň hakynda oýa batýarsyň. Aslynda ynsan ýagty jahana inmek bilen onuň ähli lezzetinden, eşretinden, hezzet-hormatyndan öz peşgeş-paýyny alýar. Görer gözüň gözellikden ganyp durmagy, arassa howadan dartyp-dartyp dem almagyň, ganatyň ylham bolup, al-asmana uçup seýran etmegiň, ýazyň burk urýan ter bägüllerinden boglan çemeni bagryňa basyp, ysgap-ysgap gönenmegiň ýa-da gözleriň ilkinji perzendi, soň-soňlar ilkinji agtygy görmegiň, ony söýmegiň, söýülmegiň... Bularyň ählisi goýny bahardan ýaradylmyş ömrüň peşgeşi — bagt serpaýy. Hut şonuň üçin hem her gezek ýaz gelende biz ömre täzeden gadam basýarys, ony täzeçe ýaşap başlaýarys. Täze sahypad

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +13... +18 gradus maýyl bolar.

Köpetdag döwlet goraghanasynyň gözellikleri

«7/24. tm», № 09 (144), 27.02.2023 Türkmenistanda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty we tebigatyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çäreler ylmy taýdan öwrenilen, häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlaryna esaslanýar.

«Bahar gelýär, bahar gelýär...»

Indi gyş hem paýawlaberdi. Gijelerine gyşyň çigreginiň, gündizlerine bahar mylaýymlygynyň duýulmagy fewralyň täsinlikleriniň biridir. Onda gyşyň tämizligi, baharyň terligi bar. Halkymyzda bu möwsüme «alabahar» diýilýär. Ol şahyr aýtmyşlaýyn, dünýäni «ýylda solup, baky solmaýan güllere» besleýän, «ülkämize toý bolup gelýän» baharyň buşlukçysy. Ýene sanlyja günlerden diňe bir dünýäni däl, ähli ynsanlary ýazlaşdyrjak bahar gözel Diýarymyza gadam basýar. Guşlara ganat, göwünlere joşgun berýän bu pasyl ene tebigata janlanyş, täzeleniş bagyşlaýar. Baharyň gelenini ilki duýan daragtlaryň şahalarynda kindiwanja pyntyjyklar peýda bolýar. Pederlerimiziň mukaddeslik hökmünde sygynan bu gadymy ýaýla ýaşyl begrese beslenýär. Öňküsinden has uzan Gün tylla nuruny Zemine has bolluk bilen eçilýär. Ot-çöplere, mör-möjeklere jan girip, baglar saýrak guşlaryň nagmasyndan heýjana gelýär. Dünýä durşy bilen nagma – bahar mukamyna beslenýär.

Daş-töweregi gurşan gözellik

Ir-ertirden giç-agşama çenli epgek howaly tomus günleri daşly-çägeli dag eteklerine we ýarym çöllük gaýalara gezelenç etmek aňsat däl bolsa-da, gurak ösümlikler dünýäsi gözüňi dokundyrýar. Elbetde, ota bürenen depelerden daş-töwerege syn etmegiň lezzeti başga. Eger-de, siz bahardan tä güýzüň ahyryna çenli aralykda Amyderýanyň boýuna seýil etseňiz, hökman bu ýerlere mahsus bir täsin ösümligiň üstünden bararsyňyz. Oňa biziň illerde gadymlardan bäri buýan diýilýär. Ine, şoňa gözüňiz düşen wagty Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýazylan gymmatly maglumatlary ýene bir öwre aňyňyzda aýlanyňyzy duýman galarsyňyz.

Garagum, sensiň meniň geregim!

Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ekologiýa boýunça iň iri okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bilşimiz ýaly, Garagum sährasy ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baý. Onda ösýän ösümlikleriň we ýaşaýan haýwanlaryň käbiriniň dünýäniň Gyzyl kitabyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda tokaý zolaklarynyň döredilýändigi, şonuň bilen baglylykda bu kölüň gurluşygynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Merkezi Garagumda döredilen bu täsin suw desgasy dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum sährasynda amatly howa gurşawynyň emele gelmegini, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyny şertlendirýär. Sebitiň çägindäki dürli görnüşli ösümlikleri hem-de haýwanlary gorap saklamak, olaryň biodürlüligini artdyrmak, ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak we olara aýawly çemeleşmek barada ýurdumyzda birnäçe resminamalara gol çekildi.

«Zemin aýlanyp dur...»

Dil tapyp bilene darkaş ýok. Hüý-häsiýetine, meýillerine düşünip, isleglerini nazara alyp bilmeseň, adamlaryň arasynda arkaýyn, ylalaşykly, oňşukly ýaşamak kyn. Tebigatyň perzentleri, onuň goýnunyň ýaşaýjylary bolan ynsanlara bolsa onuň diline düşünmek hasam zerur. Düşünmänem gör, iş salyşýanyň tebigat bolsa, utulyp-basylyp, ýanyp-köýüp, ahyr düşünmeli bolarsyň! «Özleşdireniň özüňki» diýleni. Ata-babalarymyzyň irki döwür-eýýamlardan bäri berk ýöredip gelýän milli wagt hasaplary we senenamalary kemala gelýänçä, kösençlikler az bolan däldir. «Bir adam köp zat bilýär, hemme zady hemmeler bilýär» diýlişi ýaly, üşükli, pähim-parasatly ata-babalarymyz tebigat bilen düşünişip ýaşaşmagyň, ony ulanmagyň, nygmatlaryndan peýdalanmagyň, olary artdyrmagyň emelini hem, hasabyny hem, gurallaryny hem tapypdyrlar. Duýup, diňläp, düşünip bilene Aý, Gün, ýyldyzlar, şeýle-de Zeminiň dört künjündäki ähli barlyklar: suwlar, ösümlikler, magdanlar, haýwanatlar — barysy boljak hadysalar barada yşarat berip durlar. «Zemin aýlanyp dur, oňatlyk örän,Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok».

Togsan dolup, ýere ýyly girende

Fewral aýynyň üçünji ongünlüginiň başlanmagy bilen türkmenleriň gadymy aý-gün hasabyna görä, togsan dolup, ilki alabahar, bahar, soň alaýaz, ýaz öz hökümini ýöredip başlaýar. Ýagny, garlar eräp, topragyň doňy çözülip, dem-dynjyny alyp gurplanan ene topraga ýyly girýär. Türkmen halk senenamasy boýunça 20-nji fewral gyşyň iň soňky güni hasaplanylýar. 21-nji fewraldan bolsa bahar pasly başlanýar. Ekerançylykdyr çarwaçylyk bilen meşgullanyp, hemişe halk senenamasyndan ugur alyp gelen ata-babalarymyz togsan gün dowam eden gyş paslynyň tamamlanmagyny «Togsan doldy» diýip, baýram edip belläpdirler. Togsan dolup, ýere ýyly gitmegi bilen gyş döwri dynç alyp, güýç toplan hem-de idegi ýeten güýzlük galla ekinleri baharyň nemli demine ytygsap, ösmäge başlaýar. Seleň sähralarymyz, giň düzlüklerimiz, ajaýyp baýyrlyklarymyz ýaşyl mahmala bürenip, gül-gülälekler bilen bezelýär. Diýarymyzyň mährem keşbini, gözel görnüşini synladygyňça synlasyň gelýär. Tebigatyň bu gözelligi, gök otlaryň, dürli gülleriň hoşboý ysyna ýugrulan ýazyň ýakymly howasy, sähralaryň sagrysyna sypap öwüsýän jana şypa beriji mylaýym şemaly sende üýtgeşik duýgulary oýaryp, kalbyňy heýjana getirýär. Gyş ukudan oýanyp, damarlaryna suw ýöräp, pyntyklaryna jan girip ugran baglary synlap doýup bolanok. Pederlerimiz 21-nji fewraldan 20-nji mart aralygyny — alabahary «Çarwa nowruzy» diýip hem atlandyrypdyr. Alabaharyň başlamagy b

Ogurjaly — gözellige baý ada

Eziz Watanymyzyň ähli sebitiniň göreni haýrana goýýan özboluşly ajaýyplyklary, tebigy gözellikleri bar. Goýny dürli täsinliklere baý bolan Hazar deňziniň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Ogurjaly adasy hem-de onuň bilen adybir döwlet tebigy çäkli goraghanasy hem şeýle taryhy, täsin ýerleriň biri. Onuň umumy meýdany dokuz müň gektara golaý bolup, demirgazykdan günorta tarapa 40 kilometre, ini bolsa 1,5-2 kilometre uzap gidýär. 1982-nji ýylda açylan bu çäkli goraghana adanyň oňaýly tebigy aýratynlyklary, öri meýdanlary göz öňünde tutulyp, keýikleri köpeltmek maksady bilen döredilipdir. Sebäbi şol ýyllar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen keýikleriň sany has azalypdyr hem-de olara ýitip gitmek howpy abanypdyr. Şonuň üçinem bu ýere Bathyz döwlet tebigy goraghanasyndan keýikleriň 13-si getirilipdir. Şu mahal olaryň sany iki müňden geçýär.

Türkmen tebigaty

Häzirki döwürde ösümlik we haýwanat dünýämizi gözümiziň göreji deýin gorap saklamaga, seýrek duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň, janly-jandarlaryň baş sanyny artdyrmaklyga, olaryň goraglylygyny üpjün etmeklige, şeýle-de olary ylmy taýdan öwrenmeklige mümkinçilikler has giňedi. Döwletimizde janly-jandarlaryň, guşlaryň, haýwanlaryň köp görnüşi mesgen tutunyp, olaryň ençemesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Şolaryň biri-de geçigaplaňlardyr. Bedeniniň uzynlygy 80-107 santimetr bolan bu haýwanlaryň ýasy penjeli uzyn aýaklary bolup, 10-25 santimetre deň bolan jontuk guýruklary edil çapylan ýalydyr. Kellesiniň gapdalyndan sakgalsapylary sallanyp duran geçigaplaňlar açyk çalymtyl ýa-da goňurrak agymtyl sütükli bolup, arkasy we aýaklary tegmilli bolýarlar. Olara arçaly, kerkawly, alçaly, badamly we beýleki gyrymsy agaçly jülgelerde we daglaryň eňňitlerinde duş gelinýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +1... +6 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +13... +18 gradus maýyl bolar.

Çarwa Nowruzy – ýazyň başlangyjy

«7/24. tm», № 08 (143), 20.02.2023 Gadymy ynançlara görä, Nowruz baýramçylygyna bir aý galanda, dört hepdäniň dowamynda, has takygy, her hepdäniň çarşenbe güni tebigy hadysalaryň her birine bagyşlanypdyr. Ilkinji çarşenbe şu ýylyň hasaby boýunça 22-nji fewraldan başlanyp, ol «suw çarşenbesi», ikinji çarşenbe 1-nji marta gabat gelip, ol «otly çarşenbe», üçünjisi 8-nji marta gabat gelip, ol «toprak çarşenbesi», dördünjisi bolsa 15-nji marta gabat gelip, ol «ahyr çarşenbe» diýlip atlandyrylýar. Ilkinji çarşenbede suw arassalanyp, herekete gelýär, ikinjide ot arassalanýar, üçünjide toprak arassalanýar, dördünjide ýel agaçlaryň pyntyklaryny açýar, şeýdibem, alabahar bahara sepleşip gidýär. Bahar paslynyň buşlukçysy «Nowruz güli» bolupdyr.

Amazonit bezeg daşy

Amazonit eýesiniň durmuşyna rahatlyk we sazlaşyk getirip biljek, gök-ýaşyl reňkli, näzik ekzotik bezeg daşy. Bu daşyň gelip çykyşy syrlardan we gapma-garşylyklardan doly. Amazonit ilkinji gezek Günorta Amerikada XVIII asyrda tapylýar. Amazonka derýasynyň hormatyna ol «amazonit» diýip at alýar. Soňra bu daşy ýewropalylaryň has öň bilendigi we bezeg şaý-seplerini ýasamakda işjeň peýdalanandygy anyklanýar. Tutanhamonyň guburyndan hem amazonitli kümüş şaý-sepler tapylýar. Rowaýata görä, meşhur kitabyň («Merhumlar kitabynyň») tutuş bir bölümi amazonit daşynyň ýüzüne nagyşlanypdyr. Şonuň üçin bu daşy kimiň ilkinji gezek açandygy we onuň ozal nähili atlar bilen ulanylandygy doly anyklanylman galýar.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl Mart aýy

1.HAMAL (GUZY 21.03 — 20.04) Hamal ýyldyzy astynda doglanlaryň durmuşy mart aýynda adaty ýagdaýda geçer. Şahyryň «Entek sadalykdan zyýan çeken ýok» diýen setirleri bu döwürde size doly laýyk gelýär. Siz sada boluň. Özüňizi şeýle alyp baran ýagdaýyňyzda, ýaz paslynyň ilkinji aýynyň ikinji ýarymynda size ähli gowulyklar ýar bolar. Mart aýy durmuş taýdan taplanmak, bilimlerini we pikirleniş ukyplaryny kämilleşdirmek üçin hamal ýyldyzy astynda doglanlara örän amatly wagtdyr. Size ýakyn wagtlarda örän jogapkärçilikli wezipe ynanylar. Oňa taýýar bolmak üçin bolsa özüňi taplamalydyr. Bu döwürde hamallara hüşgärligi elden bermezlik maslahat berilýär. Durmuşyň dürli öwrümlerine, garaşylmadyk sowgatlaryna taýýar boluň. Size günüň agşam çaglarynda köpräk gezelenç etmek maslahat berilýär.

Dünýäniň iň arassa 3 deňzi barada

Weddel deňzi Weddel deňzi — dünýädäki iň arassa deňizleriň biri hasaplanylýar. Suwunyň durulygynyň 79 metr çuňluga ýetmegi beýleki deňizleriňkä garanda tapawutlydyr. Onda dury diňe buga öwrülip arassalanan suwdur. Deňziň tutýan meýdany 2920 müň metr bolup, çuňlugy 6 müň metrdir. Mundan başga-da, Weddel deňzi dünýädäki iň sowuk deňizleriň biri hasaplanylýar. Ýylboýy ony Antarktidanyň 2 metr galyňlykdaky buzlary örtýär. Suwuň gyşky derejesi —20 C ýetýär. Deňiz 1923-nji ýylda açylypdyr.

Perişde owazly torgaý

Dynç güni bolansoň, hemişeki endigime görä, säher bilen gojaman Köpetdagyň etegindäki baýyrlara seýil-seýrana çykdym. Baýryň üsti. Ynha, bir giden seleňlik! Sergin howasy nämä degmeýär! Baýryň çulbasynda birsalym aýak çekip, dyz epdim. Gyşyň günüdigine garamazdan, tebigatyň gudratyna haýran galyp, oňa tomaşa edip durşuma, birhili, oglanlyk döwrüm ýadyma düşdi-de, süňňüm ýeňlän ýaly bolaýdy. Bir ýerlerden bolsa torgaýyň sesi gelýär. «Oho!» diýip, eýläme-beýläme garanjakladym. Ses ýeterde gara ýok. Şo barmana dik asmanda: «Jüpi-jüpi, jüpi-pü-pü-p...» edip, joşup-joşup saýraýan torgaýy gözüme agram salyp zordan tapdym. Elhepus, gezip ýörseň, her zat görüljek eken: ýeri, garagyşyň güni küje, torgaýyň saýramasy küje?! Geň sowal. Dogrudanam geň. Ilat arasynda bolanymyzda, ýaz gelip, ýaşyl ýaýlanyň janlanyp başlandygyny buşlaýanyň bilbildigini, garlawaçdygyny, şeýle hem togsan dolup, ýere ýyly gidendigini ilkinji habar berýän guşuň baýguşdygyny eşidipdim. Emma ahyrky garagyşyň ahyrynda torgaýyň saýramasy nämäniň alamatyka?! Megerem, torgaý bir zady öňünden duýup-syzyp bilýän üşükli guşdur. Bu şübhesiz şeýledir.

Dag başynyň garlary bar

Keremli Köýtendag ýylyň ähli paslynda-da gözel. Onuň sapaly jülgeleri, depesi bulutlara direlýän kert gaýalary, durnagöz çeşmeleri, goýry kölegeli baglary... hemmeleri haýrana goýýar. Golaýda belli jahankeşde, ezber suratkeş Batyr Abdyllaýew redaksiýamyza ýöriteläp gelip, behişdi dagymyzyň gyş keşplerini surata düşürendigini aýtdy. Biz ol suratlary gazetimizde çap etmek bilen, egnine ak donuny geýen şahandaz dagymyzyň ajaýyplygyny okyjylarymyz bilen paýlaşmak isledik. «Ak zat — alnyňa ýagşy». Ata-babalarymyzyň bu aýtgysy ak garlara hem degişli. Sebäbi nem asmanyň peşgeşi. Ygal ― bereket, ygal ― baýlyk. Gojaman dagymyzy ýassanyp ýatan garlar bolsa türkmen topragynyň üstümizdäki ýylda-da rysgal-berekede beslenjekdigini ilimize buşlaýar.

Ümürli günüň öýläni

Ata-babalarymyz «Gyşyň güni kyrk tüýsli» diýipdirler. Şol «kyrk tüýsli» günleriň biri-de ümürli günlerdir. Howanyň ümürli bolmagy, köplenç, gyş paslyna mahsus. Il içinde «Ümürli günüň öýläni» diýen aýtgy häzir hem ýörgünlidir. Bu täsin tebigat hadysasy barada, eýsem, biz nämeleri bilýäris? Ýere galtaşýan bulutlary «ümür» diýip atlandyrýarys. Çünki ümür bilen bulut ýerleşişinden başga hiç bir babatda tapawutlanmaýar. Asyl-ha, ümür paslyna, ýerli ýagdaýyna, howanyň temperaturasyna görä tapawutlanýan juda owunjak suw damjalarydyr, ýagny howada bilelikde hereket edýän müňlerçe suw damjajyklary ümri emele getirýär. Emma howanyň has sowuk günleri ümür suw damjajyklaryndan däl-de, buz kristallaryndan hem ybarat bolup biler.

Ummandaky çöl

Adamda bilesigelijilik duýgusy ony täze zatlary öwrenmäge, başdan geçirmäge höweslendirýär. Emma tebigat, kosmos barada näçe köp bilýän hem bolsak, ylmyň aňyrsyna çykmak, ähli zady öwrenmek başartmaýar. Şeýle-de bolsa, adam öwrenmegi dowam etdirýär. Dürli ýerleriň tebigatyna degişli täsin maglumatlary bilmek bolsa bilesigelijilik duýgusyny has-da artdyrýar. Atlantik ummanyndaky Sargasso deňzi köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu deňziň iň täsin tarapy hiç hili kenarynyň ýoklugydyr. Ýagny suw giňişligi tutuşlygyna ummanyň jümmüşinde ýerleşýär. Şeýle-de bolsa, alymlar bu ýerini ummanyň bir parçasy däl-de, aýratyn deňiz hasaplaýarlar. Deňze şeýle adyň berilmegi bolsa bu ýerde «Sargassum» atly suwotunyň has köp ösýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu ösümlikler suwuň ýüzünde ösüp, dürli deňiz jandarlary üçin iýmit, ýaşamak üçin sümelge bolýar.