Garagum, sensiň meniň geregim!

22 Fewral 2023
643

Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ekologiýa boýunça iň iri okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Bilşimiz ýaly, Garagum sährasy ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baý. Onda ösýän ösümlikleriň we ýaşaýan haýwanlaryň käbiriniň dünýäniň Gyzyl kitabyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda tokaý zolaklarynyň döredilýändigi, şonuň bilen baglylykda bu kölüň gurluşygynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Merkezi Garagumda döredilen bu täsin suw desgasy dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum sährasynda amatly howa gurşawynyň emele gelmegini, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyny şertlendirýär. Sebitiň çägindäki dürli görnüşli ösümlikleri hem-de haýwanlary gorap saklamak, olaryň biodürlüligini artdyrmak, ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak we olara aýawly çemeleşmek barada ýurdumyzda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Miwe ÇARYÝEWA,