Perişde owazly torgaý

16 Fewral 2023
462

Dynç güni bolansoň, hemişeki endigime görä, säher bilen gojaman Köpetdagyň etegindäki baýyrlara seýil-seýrana çykdym. Baýryň üsti. Ynha, bir giden seleňlik! Sergin howasy nämä degmeýär! Baýryň çulbasynda birsalym aýak çekip, dyz epdim. Gyşyň günüdigine garamazdan, tebigatyň gudratyna haýran galyp, oňa tomaşa edip durşuma, birhili, oglanlyk döwrüm ýadyma düşdi-de, süňňüm ýeňlän ýaly bolaýdy. Bir ýerlerden bolsa torgaýyň sesi gelýär. «Oho!» diýip, eýläme-beýläme garanjakladym. Ses ýeterde gara ýok. Şo barmana dik asmanda: «Jüpi-jüpi, jüpi-pü-pü-p...» edip, joşup-joşup saýraýan torgaýy gözüme agram salyp zordan tapdym.

Elhepus, gezip ýörseň, her zat görüljek eken: ýeri, garagyşyň güni küje, torgaýyň saýramasy küje?! Geň sowal. Dogrudanam geň. Ilat arasynda bolanymyzda, ýaz gelip, ýaşyl ýaýlanyň janlanyp başlandygyny buşlaýanyň bilbildigini, garlawaçdygyny, şeýle hem togsan dolup, ýere ýyly gidendigini ilkinji habar berýän guşuň baýguşdygyny eşidipdim. Emma ahyrky garagyşyň ahyrynda torgaýyň saýramasy nämäniň alamatyka?! Megerem, torgaý bir zady öňünden duýup-syzyp bilýän üşükli guşdur. Bu şübhesiz şeýledir.

Öwezmyrat GELDIBAÝEW.
«Türkmenistan».