Togsan dolup, ýere ýyly girende

21 Fewral 2023
522

Fewral aýynyň üçünji ongünlüginiň başlanmagy bilen türkmenleriň gadymy aý-gün hasabyna görä, togsan dolup, ilki alabahar, bahar, soň alaýaz, ýaz öz hökümini ýöredip başlaýar. Ýagny, garlar eräp, topragyň doňy çözülip, dem-dynjyny alyp gurplanan ene topraga ýyly girýär. Türkmen halk senenamasy boýunça 20-nji fewral gyşyň iň soňky güni hasaplanylýar. 21-nji fewraldan bolsa bahar pasly başlanýar. Ekerançylykdyr çarwaçylyk bilen meşgullanyp, hemişe halk senenamasyndan ugur alyp gelen ata-babalarymyz togsan gün dowam eden gyş paslynyň tamamlanmagyny «Togsan doldy» diýip, baýram edip belläpdirler. Togsan dolup, ýere ýyly gitmegi bilen gyş döwri dynç alyp, güýç toplan hem-de idegi ýeten güýzlük galla ekinleri baharyň nemli demine ytygsap, ösmäge başlaýar. Seleň sähralarymyz, giň düzlüklerimiz, ajaýyp baýyrlyklarymyz ýaşyl mahmala bürenip, gül-gülälekler bilen bezelýär. Diýarymyzyň mährem keşbini, gözel görnüşini synladygyňça synlasyň gelýär. Tebigatyň bu gözelligi, gök otlaryň, dürli gülleriň hoşboý ysyna ýugrulan ýazyň ýakymly howasy, sähralaryň sagrysyna sypap öwüsýän jana şypa beriji mylaýym şemaly sende üýtgeşik duýgulary oýaryp, kalbyňy heýjana getirýär. Gyş ukudan oýanyp, damarlaryna suw ýöräp, pyntyklaryna jan girip ugran baglary synlap doýup bolanok.

Pederlerimiz 21-nji fewraldan 20-nji mart aralygyny — alabahary «Çarwa nowruzy» diýip hem atlandyrypdyr. Alabaharyň başlamagy bilen ýaz ekinleriniň ekişine ähli ugurlardan taýýarlyk işleri has-da ýaýbaňlanýar. Ähli tehnikalar, gurallar, abzallar birlaý gözden geçirilip, bejerilip, ekiş möwsümine taýýar edilip goýulýar. Meýdanda iş-aladalar has-da gyzyşyp, ýuwuş, tagt suwlary tutulyp, ýerler nem-yzgardan doýrulýar. Gök maýsaly meýdanlara dökün berlip, suwa ýakmak, baglara ideg işleri, mellek ýerlerindäki ýorunjalary dökünlemek işleri bilen utgaşýar.

Annamyrat BERDIMYRADOW,
«Ahal durmuşy».