Türkmen tebigaty

21 Fewral 2023
613

Häzirki döwürde ösümlik we haýwanat dünýämizi gözümiziň göreji deýin gorap saklamaga, seýrek duş gelýän guşlaryň, haýwanlaryň, janly-jandarlaryň baş sanyny artdyrmaklyga, olaryň goraglylygyny üpjün etmeklige, şeýle-de olary ylmy taýdan öwrenmeklige mümkinçilikler has giňedi. Döwletimizde janly-jandarlaryň, guşlaryň, haýwanlaryň köp görnüşi mesgen tutunyp, olaryň ençemesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Şolaryň biri-de geçigaplaňlardyr.

Bedeniniň uzynlygy 80-107 santimetr bolan bu haýwanlaryň ýasy penjeli uzyn aýaklary bolup, 10-25 santimetre deň bolan jontuk guýruklary edil çapylan ýalydyr. Kellesiniň gapdalyndan sakgalsapylary sallanyp duran geçigaplaňlar açyk çalymtyl ýa-da goňurrak agymtyl sütükli bolup, arkasy we aýaklary tegmilli bolýarlar. Olara arçaly, kerkawly, alçaly, badamly we beýleki gyrymsy agaçly jülgelerde we daglaryň eňňitlerinde duş gelinýär.

Maýsa BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.