Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar! 2023-nji ýyl Mart aýy

17 Fewral 2023
2746

1.HAMAL (GUZY 21.03 — 20.04)

Hamal ýyldyzy astynda doglanlaryň durmuşy mart aýynda adaty ýagdaýda geçer. Şahyryň «Entek sadalykdan zyýan çeken ýok» diýen setirleri bu döwürde size doly laýyk gelýär. Siz sada boluň. Özüňizi şeýle alyp baran ýagdaýyňyzda, ýaz paslynyň ilkinji aýynyň ikinji ýarymynda size ähli gowulyklar ýar bolar. Mart aýy durmuş taýdan taplanmak, bilimlerini we pikirleniş ukyplaryny kämilleşdirmek üçin hamal ýyldyzy astynda doglanlara örän amatly wagtdyr. Size ýakyn wagtlarda örän jogapkärçilikli wezipe ynanylar. Oňa taýýar bolmak üçin bolsa özüňi taplamalydyr. Bu döwürde hamallara hüşgärligi elden bermezlik maslahat berilýär. Durmuşyň dürli öwrümlerine, garaşylmadyk sowgatlaryna taýýar boluň. Size günüň agşam çaglarynda köpräk gezelenç etmek maslahat berilýär.