Daş-töweregi gurşan gözellik

24 Fewral 2023
485

Ir-ertirden giç-agşama çenli epgek howaly tomus günleri daşly-çägeli dag eteklerine we ýarym çöllük gaýalara gezelenç etmek aňsat däl bolsa-da, gurak ösümlikler dünýäsi gözüňi dokundyrýar. Elbetde, ota bürenen depelerden daş-töwerege syn etmegiň lezzeti başga.

Eger-de, siz bahardan tä güýzüň ahyryna çenli aralykda Amyderýanyň boýuna seýil etseňiz, hökman bu ýerlere mahsus bir täsin ösümligiň üstünden bararsyňyz. Oňa biziň illerde gadymlardan bäri buýan diýilýär. Ine, şoňa gözüňiz düşen wagty Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýazylan gymmatly maglumatlary ýene bir öwre aňyňyzda aýlanyňyzy duýman galarsyňyz.

Güljan ÝUSUPOWA,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.