Amazonit bezeg daşy

17 Fewral 2023
654

Amazonit eýesiniň durmuşyna rahatlyk we sazlaşyk getirip biljek, gök-ýaşyl reňkli, näzik ekzotik bezeg daşy. Bu daşyň gelip çykyşy syrlardan we gapma-garşylyklardan doly. Amazonit ilkinji gezek Günorta Amerikada XVIII asyrda tapylýar. Amazonka derýasynyň hormatyna ol «amazonit» diýip at alýar. Soňra bu daşy ýewropalylaryň has öň bilendigi we bezeg şaý-seplerini ýasamakda işjeň peýdalanandygy anyklanýar.

Tutanhamonyň guburyndan hem amazonitli kümüş şaý-sepler tapylýar. Rowaýata görä, meşhur kitabyň («Merhumlar kitabynyň») tutuş bir bölümi amazonit daşynyň ýüzüne nagyşlanypdyr. Şonuň üçin bu daşy kimiň ilkinji gezek açandygy we onuň ozal nähili atlar bilen ulanylandygy doly anyklanylman galýar.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».