Ummandaky çöl

13 Fewral 2023
426

Adamda bilesigelijilik duýgusy ony täze zatlary öwrenmäge, başdan geçirmäge höweslendirýär. Emma tebigat, kosmos barada näçe köp bilýän hem bolsak, ylmyň aňyrsyna çykmak, ähli zady öwrenmek başartmaýar. Şeýle-de bolsa, adam öwrenmegi dowam etdirýär. Dürli ýerleriň tebigatyna degişli täsin maglumatlary bilmek bolsa bilesigelijilik duýgusyny has-da artdyrýar.

Atlantik ummanyndaky Sargasso deňzi köpleriň ünsüni özüne çekýär. Bu deňziň iň täsin tarapy hiç hili kenarynyň ýoklugydyr. Ýagny suw giňişligi tutuşlygyna ummanyň jümmüşinde ýerleşýär. Şeýle-de bolsa, alymlar bu ýerini ummanyň bir parçasy däl-de, aýratyn deňiz hasaplaýarlar. Deňze şeýle adyň berilmegi bolsa bu ýerde «Sargassum» atly suwotunyň has köp ösýändigi bilen baglanyşyklydyr. Bu ösümlikler suwuň ýüzünde ösüp, dürli deňiz jandarlary üçin iýmit, ýaşamak üçin sümelge bolýar.

Ogulniýaz HAJYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.