Çarwa Nowruzy – ýazyň başlangyjy

19 Fewral 2023
569

«7/24. tm», № 08 (143), 20.02.2023

Gadymy ynançlara görä, Nowruz baýramçylygyna bir aý galanda, dört hepdäniň dowamynda, has takygy, her hepdäniň çarşenbe güni tebigy hadysalaryň her birine bagyşlanypdyr. Ilkinji çarşenbe şu ýylyň hasaby boýunça 22-nji fewraldan başlanyp, ol «suw çarşenbesi», ikinji çarşenbe 1-nji marta gabat gelip, ol «otly çarşenbe», üçünjisi 8-nji marta gabat gelip, ol «toprak çarşenbesi», dördünjisi bolsa 15-nji marta gabat gelip, ol «ahyr çarşenbe» diýlip atlandyrylýar. Ilkinji çarşenbede suw arassalanyp, herekete gelýär, ikinjide ot arassalanýar, üçünjide toprak arassalanýar, dördünjide ýel agaçlaryň pyntyklaryny açýar, şeýdibem, alabahar bahara sepleşip gidýär. Bahar paslynyň buşlukçysy «Nowruz güli» bolupdyr.