Ogurjaly — gözellige baý ada

21 Fewral 2023
697

Eziz Watanymyzyň ähli sebitiniň göreni haýrana goýýan özboluşly ajaýyplyklary, tebigy gözellikleri bar. Goýny dürli täsinliklere baý bolan Hazar deňziniň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän Ogurjaly adasy hem-de onuň bilen adybir döwlet tebigy çäkli goraghanasy hem şeýle taryhy, täsin ýerleriň biri. Onuň umumy meýdany dokuz müň gektara golaý bolup, demirgazykdan günorta tarapa 40 kilometre, ini bolsa 1,5-2 kilometre uzap gidýär.

1982-nji ýylda açylan bu çäkli goraghana adanyň oňaýly tebigy aýratynlyklary, öri meýdanlary göz öňünde tutulyp, keýikleri köpeltmek maksady bilen döredilipdir. Sebäbi şol ýyllar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen keýikleriň sany has azalypdyr hem-de olara ýitip gitmek howpy abanypdyr. Şonuň üçinem bu ýere Bathyz döwlet tebigy goraghanasyndan keýikleriň 13-si getirilipdir. Şu mahal olaryň sany iki müňden geçýär.

Kerimberdi GÖKJÄÝEW,
Balkan welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.