Dünýäniň iň arassa 3 deňzi barada

16 Fewral 2023
477

Weddel deňzi

Weddel deňzi — dünýädäki iň arassa deňizleriň biri hasaplanylýar. Suwunyň durulygynyň 79 metr çuňluga ýetmegi beýleki deňizleriňkä garanda tapawutlydyr. Onda dury diňe buga öwrülip arassalanan suwdur. Deňziň tutýan meýdany 2920 müň metr bolup, çuňlugy 6 müň metrdir. Mundan başga-da, Weddel deňzi dünýädäki iň sowuk deňizleriň biri hasaplanylýar. Ýylboýy ony Antarktidanyň 2 metr galyňlykdaky buzlary örtýär. Suwuň gyşky derejesi —20 C ýetýär. Deňiz 1923-nji ýylda açylypdyr.

Nurmuhammet AGANIÝAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.