Bahar — bagt serpaýy

28 Fewral 2023
562

Bu gün ýazyň ilkinji güni. Kalbyňa täsin juwanlyk duýgusyny bagyş edýän baharyň ýene-de gaýtalanyp gelmegi ömrüň täze peşgeşi. Ýere ýyly girmegi bilen Zemin eýýäm gerşine ýaşyl öýmesini atyndy. Säher bilen ören badyňa guşlaryň täsin jürküldileriniň çar ýana ýaýrap gitmegi, adaja şemalyň pyntyklan şahalaryň başyny ikibaka yramasy, käýarym ýaz ýagşynyň sepeläp geçmegi, asmandaky bulutlaryň ak pamyk mysaly lemmerlenip, süýşüp barmagy, dogup gelýän Günüň ýylysynyň we mähir nurunyň artmagy kalbyňy heýjana salýar. Baharyň mylaýym demi ýaňagyňa degen dessine ýaşaýşa bolan söýgiň güýjäp, ýüregiňe mähir-muhabbet aralaşýar. Şonda ençeme baharlaryň gujagynda ýazlamaga beren mümkinçiligi üçin ykbalyňdan hoşal bolýarsyň-da, eňegiňi elleriňe diräp geçen ýoluň hakynda oýa batýarsyň.

Aslynda ynsan ýagty jahana inmek bilen onuň ähli lezzetinden, eşretinden, hezzet-hormatyndan öz peşgeş-paýyny alýar. Görer gözüň gözellikden ganyp durmagy, arassa howadan dartyp-dartyp dem almagyň, ganatyň ylham bolup, al-asmana uçup seýran etmegiň, ýazyň burk urýan ter bägüllerinden boglan çemeni bagryňa basyp, ysgap-ysgap gönenmegiň ýa-da gözleriň ilkinji perzendi, soň-soňlar ilkinji agtygy görmegiň, ony söýmegiň, söýülmegiň... Bularyň ählisi goýny bahardan ýaradylmyş ömrüň peşgeşi — bagt serpaýy. Hut şonuň üçin hem her gezek ýaz gelende biz ömre täzeden gadam basýarys, ony täzeçe ýaşap başlaýarys. Täze sahypadan başlanan ömür ýollary bolsa öňkülerden has kämil, has ajaýyp, has-da tagamly, lezzetli bolýar. Durmuşyň dadynyň gün geldikçe artmagynyň hem özüne ýeterlik sebäbi bar. Adatça gowzaýan tagamlaryň dady artmak bilen...

Dürnabat AŞYROWA,
«Ahal durmuşy».