«Zemin aýlanyp dur...»

22 Fewral 2023
522

Dil tapyp bilene darkaş ýok. Hüý-häsiýetine, meýillerine düşünip, isleglerini nazara alyp bilmeseň, adamlaryň arasynda arkaýyn, ylalaşykly, oňşukly ýaşamak kyn. Tebigatyň perzentleri, onuň goýnunyň ýaşaýjylary bolan ynsanlara bolsa onuň diline düşünmek hasam zerur. Düşünmänem gör, iş salyşýanyň tebigat bolsa, utulyp-basylyp, ýanyp-köýüp, ahyr düşünmeli bolarsyň! «Özleşdireniň özüňki» diýleni. Ata-babalarymyzyň irki döwür-eýýamlardan bäri berk ýöredip gelýän milli wagt hasaplary we senenamalary kemala gelýänçä, kösençlikler az bolan däldir. «Bir adam köp zat bilýär, hemme zady hemmeler bilýär» diýlişi ýaly, üşükli, pähim-parasatly ata-babalarymyz tebigat bilen düşünişip ýaşaşmagyň, ony ulanmagyň, nygmatlaryndan peýdalanmagyň, olary artdyrmagyň emelini hem, hasabyny hem, gurallaryny hem tapypdyrlar. Duýup, diňläp, düşünip bilene Aý, Gün, ýyldyzlar, şeýle-de Zeminiň dört künjündäki ähli barlyklar: suwlar, ösümlikler, magdanlar, haýwanatlar — barysy boljak hadysalar barada yşarat berip durlar.

«Zemin aýlanyp dur, oňatlyk örän,
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok».

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».