Dag başynyň garlary bar

15 Fewral 2023
431

Keremli Köýtendag ýylyň ähli paslynda-da gözel. Onuň sapaly jülgeleri, depesi bulutlara direlýän kert gaýalary, durnagöz çeşmeleri, goýry kölegeli baglary... hemmeleri haýrana goýýar. Golaýda belli jahankeşde, ezber suratkeş Batyr Abdyllaýew redaksiýamyza ýöriteläp gelip, behişdi dagymyzyň gyş keşplerini surata düşürendigini aýtdy. Biz ol suratlary gazetimizde çap etmek bilen, egnine ak donuny geýen şahandaz dagymyzyň ajaýyplygyny okyjylarymyz bilen paýlaşmak isledik.

«Ak zat — alnyňa ýagşy». Ata-babalarymyzyň bu aýtgysy ak garlara hem degişli. Sebäbi nem asmanyň peşgeşi. Ygal ― bereket, ygal ― baýlyk. Gojaman dagymyzy ýassanyp ýatan garlar bolsa türkmen topragynyň üstümizdäki ýylda-da rysgal-berekede beslenjekdigini ilimize buşlaýar.