"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Miweli bagym — baýlygym-barym

Gujagy al-elwan gülli baharda diňe bir Zemin goýny däl, eýsem, bütin barlyk, külli ynsan kalby gülzarlyga, lälezarlyga, şuglazarlyga öwrülýär. Ýazyň ýyly demini duýan baglaryň baldagyny ýaryp çykýan pyntyklar, patrak kimin açylýan akly-gyzylly güller daş-töwerege gözellik çaýyp, diňe bir pasyllaryň däl, göwünleriň soltany bolan bahar barada dilsiz dür saçyp otyrlar. Gülleriň hak aşyklary bolan, ömrüni baglaryň şahasynda geçirýän saýrak guşlar öz dillerinde şirin nagma kakyp, olaryň waspyny ýetirýärler. Bagbançylyk bilen meşgullanyp, peder ýoluny dowam etdirýän bagbanlar bolsa: «Bagym däl, göwnüm gül açdy» diýip, ösdürip ýetişdiren miweli baglaryna guwanç bilen garaýarlar. Şonuň üçinem il içinde aýdylýan «Bag gadryny bagban biler» diýen aýtgy biziň şu günlerimizde-de ýörgünli.

Açyk asmanyň astyndaky iň uly agaç heýkeli

Açyk asmanyň astynda iň uly agaç heýkelini döretmek hytaýly ussat heýkeltaraş Dending Ruý Ýao başartdy. Ol bu heýkeli öz şägirtleri bilen bilelikde üç ýylyň dowamynda ýerine ýetirdi. Munuň üçin iň uly agaç saýlanylyp alyndy. Ýolbarsyň şekili janlandyrylan bu heýkeliň üstünde halypa heýkeltaraşdan başga-da, agaç ussalarynyň 20-si agzybirlikde işlediler. Heýkel tamamlanan dessine «Gündogar ýolbarsy» adyny aldy we ol Hytaýyň Uhan şäheriniň iň görnükli meýdançasynda ýerleşdirildi. Onuň uzynlygy 14,5 metr, beýikligi 5 metr, ini 4 metre barabardyr.

Panda garynjalary

Panda garynjalary tebigatyň iň täsin jandarlaryndan biridir. Alymlar bu garynjalary 1938-nji ýylda Çili döwletiniň tokaýlaryndan tapyp, «Panda» diýip atlandyrdylar. Bu garynjalaryň bedeni gara we ak reňkde bolan tüýjagazlar bilen örtülendir. Täsin panda garynjalaryna Latyn Amerikasynda, şeýle hem Demirgazyk Amerikada duşmak bolýar. Panda garynjalary gury ýerleri, sähralary ýa-da ýarym çölleri gowy görýärler. Mahmal örtügi sebäpli aňsatlyk bilen çyglylygy bedeninde saklaýarlar. Panda garynjalary örän zäherlidir. Olaryň zäheri iňňelerinde toplanýar. Iňňeleriň üsti bilen zäher adamyň ýa-da haýwanlaryň bedenine ýaýranda ölüm howpludyr. Panda garynjalarynyň erkegi iýmitini gijesine awlaýar, urkaçylary bolsa bütin günüň dowamynda. Hatda panda garynjalarynyň iýmitlenişi hem jynsyna görä üýtgeýär. Erkekleri ösümlik şireleri we nektarlary, urkaçylary bolsa ölen mör-möjekleriň galyndylary bilen iýmitlenýärler. «Pandalar» hakyky garynjalardan tapawutlylykda, maşgala, köpçülik bolup ýaşamaýarlar. Olar beýleki mör-möjekleriň, arylaryň hinlerine ýumurtga taşlaýarlar we ýumurtgalardan çykan liçinkalar öý ýaşaýjylaryny iýýärler.

«Bu ýerler owadan, örän owadan!»

Türkmen tebigatynyň, türkmeniň tebigatyna mahsus ajaýyp gylyk-häsiýetleriň, edim-gylymlaryň we gözel duýgularyň söz arkaly keşbini çeken ussat şahyr Italmaz Akmyradowyň «Bathyz» goşgusyny okan her bir adamyň gursagyna bu gözel künjege syýahat etmek arzuwy dolýandyr. Bathyzy taryp edenler, muňa hyýallanýanlar juda kändir, ýöne Italmaz aga ýaly şahyrana, owadan tarypnama döredäýmek aňsat iş däl. Gürrüň berişlerine görä, Italmaz şahyr şu şygryny Aşgabada gezmäge gelende, galamdaş dostlaryna ilkinji gezek okap beripdir. Halapdyrlar, gaýta-gaýta okadypdyrlar. Sesini çykarman diňlän şahyr Nobatguly Rejebow ertesi irden gazete beren Bathyz baradaky täze şygryny yzyna alyp gaýdypdyr. Köňüllerde galan, «Dost, seýran edeli gözel Bathyzy!» diýlip başlanýan çagyryşly şygyr setiriniň täsirine düşen dostlarymyz bilen, nesibeli güni bizem Bathyzyň baharyny görmäge ýola düşdük. Saragta gün gijigiberende bardyk. Bu ýerdäki ýolbelet dostlarymyz dynç alyp, irden ýola düşmegi teklip edenlerinde, ylalaşmadyk:

TÜRKMEN TEBIGATY — ynsan kalbynyň ylham çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň «Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýen sözleri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hakyky gadyr-gymmatyny açyp görkezýär. Çünki, Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy ylym bilen meşgullanýan adama ylmyň islendik ugry boýunça pikir ýöretmäge, seljerme we deňeşdirme geçirmäge doly mümkinçilik döredýär. «Zer gadyryny zergär biler» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky Karary esasynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge uly taýýarlyk görülýändigi aýratyn ähmiýetlidir. Akyldaryň döredijiliginiň, türkmen ruhundan, medeniýetinden, şeýle hem, Diýarymyzyň tebigatyndan gözbaş alandygy, onuň tebigatda bolup geçýän hadysalara ir düşünip başlandygy, ylahy zehininiň ýitileşmegine dünýä inen ýeriniň dagy-düzüniň, derýalarynyň, sähra-jülgeleriniň, baý haýwanat dünýäsiniň täsir edendigi şygyrlarynda aýdyň duýulýar. Şu nukdaýnazardan, Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun eýelän durmuş we watançylyk garaýyşlarynyň içinden tebigat filosofiýasy eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde bu üç esasy garaýşyň sazlaşmagy şahyryň watansöýüjiliginiň ýokary derejesini şöhlelendirýän kanunalaýyklykdyr. Çünki, Watana bolan söýgi onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar.

Tebigatyň görkanalyk mukamy

Baharyň owadanlygyny näme bilen deňejegiňi bilmersiň. Bir ýola ussat suratkeş Rembrandy baharyň tüýs görkanalyga beslenen günlerinde tebigatyň täsin künjekleriniň birine alyp barypdyrlar. Ýaz ýapynjasyny örtünen meýdany sesini çykarman synlap durşuna, ussadyň gözünden düwme-düwme ýaşlar togalanyp gaýdypdyr. Soňra bolsa ol sesini çykarman, etýudnigini gurnapdyr-da, şol gözelligiň suratyny çekmäge durupdyr. Ol tä günortanlar ýadap, dynç almaga oturýança ýagşydan-ýamandan ýeke sözem aýtmandyr. Nahar başynda ondan bu uzak dymyşlygyň sebäbini soranlarynda: «Tebigatyň bu ajaýyp simfoniýasyny sähel artykmaç sesiňem bozup biljegine akylym ýetip durka, nädip gürläýin?» diýip jogap beripdir. Hawa, bahar — gözellik hazynasy. Bahar — sansyz reňkleriň soňlanmajak gory. Bahar — täsinlik döretmegiň ussady. Bahar — syrdan, täzelikden doly täsin eser. Garaz, baharda geň galara, buýsanara, synlara, diňläre... zat kän. Bahar bilen baglanyşykly käbir täsin maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Bahar hakynda tebigatnama

Pederlerimiz irki döwürlerden bäri tebigy hadysalara, janly-jandarlaryň hereketlerine, ösümlikleriň ösüşine syn edip, howanyň ýagdaýyny kesgitläpdirler. Halk arasyndan ýygnalan şeýle maglumatlary size ýetirmegi makul bildik. ♦Durnalar ir bilen uçup gelseler, bahar ir başlanýar.

Ýaşaýşyň gözbaşy

Her damjasy zere deňelýän suw — ýaşaýşyň gözbaşy. Halkymyzyň arasynda dörän suw bilen baglanyşykly birnäçe dessurlar we folklor eserleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Aýdylyşyna görä, kimdir biri uzak ýola gideninde, myhman bilen hoşlaşylanda, gyz durmuşa çykanda yzyndan suw sepmek däbi bar. Bu yrym ýolagçylara ýollarynyň ak bolmagy dileg edilip, berjaý edilýär. Adamlar suwuň başyna baranlarynda: «Essalawmaleýkim, suw aga, el-ýüzümi ýuw, aga!» diýip, suwa hormat edipdirler.

Pasyl çalşygy

21-nji martdan milli senenama boýunça Çarwa nowruzy öz ornuny Nowruza berdi. Pederlerimiz çarwa hasaby — asyrlarboýy durmuşda synagdan geçen tejribeleriniň üsti bilen, şonuň ýaly-da, daş-töweregindäki ähli barlykdan, ýagny ösümliklerden, haýwanlardan, guşlardan, howanyň ýagdaýyndan ugur alyp, ýylyň gelşini, ahwalyny, nä zeýilli boljakdygyny kesgitläpdirler. Şonuň netijesinde şu ynançlar kemala gelipdir:

Bulary bileýin diýseňiz

Kelpeze dilini awuna garşy uzadanda, diliniň uzynlygy göwresiniň uzynlygynyň ýarysyna barabar bolýar. Gözleri biri-birine bagly bolmazdan hereket edip bilýär. Şonuň üçin-de, kelpeze kellesini hiç bir tarapa gyşartmazdan, şol bir wagtda çar tarapyny görmäge ukyplydyr.*  *  *Möýüň kerebi täsin gurluşa eýedir. Alymlaryň pikirine görä, möýüň kerebi Ýeriň magnit meýdanyny üýtgedýär diýlip çaklanylýar. Şol sebäpli-de, köp mör-möjekler kerebi görmän, oňa aňsatlyk bilen düşýärler.*  *  *Pingwin dik durup ýöreýän, suwda ýüzüp bilýän, ýöne howada uçup bilmeýän ýeke-täk guşdur.

Kak suwy

Suw — durmuşda iň möhüm zerurlyklaryň biri. Şonuň üçin adamlar suwa aýawly çemeleşip, ony isrip etmezlige çalyşýarlar. Sährada ýaşaýan adamlar ýagýan ygalyň oý ýere ýygnanmagyndan döreýän kak suwuny hem göwnejaý ulanmagy başarýarlar. Adamlar tebigy kaky kämilleşdirip, oňa mümkingadar köp suw ýygnanar ýaly edipdirler. Maldarlar sährada oýtak ýeriň içini arassalap, çuňaldyp, oňa töwerege ýygnanýan ýagyş suwlary hem akar ýaly, çar tarapyndan uly bolmadyk ýaplary, akabalary çekýärler. Kak dürli ululykda bolup bilýär, ýöne onçakly çuň bolmaýar. Kaka eýelik edýän adam ýylyň-ýylyna ony arassalap, rejeläp, bejerip, oňa suwuň gowy akmagynyň aladasynda bolýar. Ýogsam, kaka barýan ýaplar, akabalar suwuň getirýän gyrmançalaryndan, läbiklerinden dolup gidýär. Ýagyş ýaganda, sile öwrülen suwlar kaka çekilen ýaplar, akabalar arkaly akyp, ony doldurýar. Kaka ýygnanan suwuň düzümindäki läbik aşak çöküp, düýbüne ýygnanýar, suw durlanýar. Şondan soňra kak suwy içmäge ýaramly bolýar. Çarwalar kak suwundan sürülerini ýakmak üçin peýdalanýarlar. Kaklar ýaňy dolan mahaly ondaky suw süýji bolýar, şol mahal ol agyz suwy hökmünde hem ulanylýar. Eger häli-şindi ygal düşüp, kakdaky suwlaryň üsti dolup durmasa, onuň süýjüligi ýitip başlaýar. Ýöne ol mallary suwa ýakmaga ýaramly bolýar. Ýyl ygally gelende, kakyň suwy egsilmeýär. Maldarlar üçin sürini guýuda suwa ýakandan kakda ýakmak ýeňil dü

Tebigy gurşaw bilen sazlaşyk

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata-babalarymyzyň durmuş kadasyna öwrülen tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak ýörelgesi Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi sagdynlaşdyrmak we ýaş nesli tebigata söýgi, hormat ruhunda terbiýelemek, jemgyýetimiziň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işlerde öz beýanyny tapýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 10-njy martynda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. şu ýyl ýurdumyz boýunça dürli baglaryň we üzümiň 3 million düýp nahalyny ekmek bellenildi. Şol nahallaryň 1,5 million düýbi ýazky bag ekmek möwsüminde oturdylmagy has-da guwandyryjydyr. Häzirki döwürde ak mermerli paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Arkadag şäherinde halkymyz üçin amatly zähmet, ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly meselelere döwlet derejesinde uly üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň ähli künjeginiň bagy-bossanlyga bürelmegi, ekologiýa abadançylygynyň saklanylmagy wajyp wezipe hökmünde kesgitlenildi. Ýurdumyzda tü

Arazbibiniň deresi

Türkmen topragy — Allanyň nazary düşen toprak. Onuň dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, derýa ýerinde derýasy, deňiz ýerinde deňzi... bar. Her pasla görä täsin keşbe, gözellige eýe bolýan ajaýyp türkmen tebigatyny, aýdylyşy ýaly, görmäge göz, taryplamaga söz gerek. Birnäçe ýyl mundan ozal, ýaz paslynda şeýle gözel ýerleriň birinde — Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Madaw obasynyň çäginde ýerleşýän Arazbibiniň deresi diýilýän gözel ýerde maşgalamyz bolup, gezelençde bolmak bagty miýesser etdi. Madaw obasyndan, takmynan, 30-40 kilometr demirgazyk-gündogarda, Gyzylbaýyr obasyndan 60-70 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän dere baharyň hoştap howasynda jenneti künjegi ýadyňa salýardy. Al-ýaşyl öwüsýän otlar, anbar ysly güller, ýuwa-ýelmikdir jümjüme, äjiwe, ysmanak, kösükdir domalan, jyklaşyp seredýän kömelekler... derä gaýtalanmajak gözellik berýärdi. Garaz, bu deräniň gözelligi haýrana goýup, her ýyl şu ýere gelmäge höwes döredýärdi. Şeýle ajaýyp tebigat gözelligini Biribaryň bereketli topragymyza joşanyna haýran galýarsyň. Ylaýta-da, bu deräniň adynyň täsinligi geň galdyrýardy. Onda-da zenan maşgalanyň adynyň taryhyň gatyna siňip, biziň şu günlerimize gelip ýetmesi barada oýlanman durup bolanokdy.

Stambulda çigildem möwsümi

Stambullylar aprel aýyna «Çigildem möwsümi» diýýärler. Munuň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki şol aýda şäher durşuna diýen ýaly çigildemlere bürenýär. Şäheriň meşhur künjekleriniñ biri hasaplanýan Soltan Ahmet meýdançasyna owadanlygy bilen haýran galdyrýan güllerden haly düşelýär. Bu bolsa ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Şonuň ýaly-da, Gülhane seýilgähinde, Soganly botanika seýilgähinde, Emirgan, Ýyldyz, Beýkoz, Fethipaşa, Hidiw Kasry, beýik we kiçi Çamlyja baglarynda hem çigildem güllerini görmek mümkin.

Ylmy-okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminde agaç nahallaryny ýetişdirmegiň agrotehnikasyna bagyşlanan ylmy-okuw maslahaty geçirildi. Maslahata jemgyýetiň hünärmenleri we agza bolup durýan tebigaty söýüjiler gatnaşdylar. Olar jemgyýetiň nahalhanalarynda bag nahallaryny ýetişdirmegiň we olara ideg etmegiň agrotehnikasy barada tejribe alyşdylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berlen welaýatymyzda ýazky bag ekişlik çäresiniň guramaçylykly geçirilmegine jemgyýetiň işgärleri hem saldamly goşant goşýarlar. Jemgyýetiň nahalhanalarynda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan agaç nahallary köpçülikleýin ýetişdirilip, ilata we edara-kärhanalara mugt paýlanylýar. Bag ekmegiň şu ýazky möwsüminde hem tut we tuýa nahallarynyň 1180 düýbi tebigaty söýüjilere paýlanyldy. Tebigaty söýüjileriň agramly bölegini düzýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Seýdi şäher hassahanasynyň çäklerinde jemgyýetiň nahalhanalarynda ýetişdirilen nahallar köpçülikleýin oturdylyp, täze baglar döredildi.

Baglaryň ömrüni uzaldýan guşlar (Täsin tebigat)

Olar — daşdeşenler. Häzirki wagtda olaryň 200-den gowrak görnüşi hasaba alnandyr. Uçmaga o diýen ökde bolmadyk bu guşlaryň aglaba bölegi tokaýlarda ýaşaýar. Daşdeşenler adaty bolmadyk uzyn çüňkleri bilen beýleki guşlardan düýpli tapawutlanýarlar.

Rys­gal-be­re­ke­diň çeş­me­si

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşaýşyň çeşmesi we gönezligi bolan suwy netijeli, tygşytly ulanmak, oba hojalygynda ekinleri suwarylanda ylmyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny ulanmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Sebäbi suw bolçulygyň, berekediň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem pederlerimiz suw hakynda «Suwly ýer — gül, suwsyz ýer — çöl», «Suw aka-aka durlanar», «Suw damjasy — altyn dänesi» «Gyş suwy — gyzyl suwy» ýaly many saçýan nakyllary döredipdirler. Türkmenistan irki döwürden bäri ekerançylygyň dörän mekany, bu gün bolsa, bolçulygyň, rysgal-berekediň ýurdudyr. Ýurdumyzda häzirki wagtda suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak, ony egsilmekden we hapalamakdan goramak boýunça ylma esaslanan has netijeli usullary işläp taýýarlamak we kanunçylyk binýadyny düzgünleşdirmek babatda hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Suwda ynsanyň-da, ýeriň-de, janly-jandaryň-da, ösümlikleriň-de, daragtlaryň-da, mahlasy, ýaşaýşyň teşneligini gandyrýan gudrat jemlenendir. Pederlerimiz suwy berekediň, bolçulygyň sakasy hasaplap, kärizleri, ýaplary, howuzlary gazyp, jykyrlary gurup, türkmen ýaýlalaryny gülledipdirler, bagy-bossanlyga öwrüpdirler.

«Obagörüneriň» depesinde

(Bathyz gündeliginden) Köp wagtlyk elkinçilikden soň, obaňa dolanmak gowy duýgulary bagyşlaýar. Aňňat-aňňat depeleri külterläp gelýän ýük ulagy zor baryny görüp, gözýetimiň asman bilen birleşýän ýerindäki gara depäniň üstüne çykar. Üstüne çykyp bolsa, aňrysy eliň aýasy deý görnäýjek ýaly duýulýan garalyp duran beýigiň depesi bilen esli ýöräniňden soň, ho-ol alysdan akjaryp jaýlar görnüşip ugrar. Ulagdakylar: «Ana, oba-da göründi» diýşerler. Üç-dört sagatlap ýol söküp ýadanlaryň ýene eňeklerine jaň kakylan ýaly bolar.

Çigildemler barada gyzykly maglumatlar

Çigildemler meşhurlygy boýunça dünýäde üçünji orunda durýan güldür. * * *

Ewklaz

Ewklaz (ewklaz, ewklazit) gymmat bahaly daş hasaplansa-da, entek şaý-seplerde kän bir ulanylmaýan seýrek daşlaryň biridir. Akademik A.Ý.Fersman bu mineraly zümerret, göwher ýaly daşlaryň deňinde goýup, ýokary baha beripdir. Ewklaz ilkinji gezek 1792-nji ýylda görnükli fransuz minerology Rene-Žýust Haýu tarapyndan gymmat bahaly daş hökmünde saýlanylyp, onuň doly beýany diňe 1892-nji ýylda çap edilipdir. 1858-nji ýylda rus alymy N.I.Kokşarow Günorta Uralyň altyn gazylyp alynýan käninden diametri 7,3 sm bolan uly kristaly tapýar. Häzirki wagtda ol daş Sankt-Peterburg Dag-magdan institutynyň muzeýinde saklanýar. Ewklaz örän näzik mineral. Onuň ady gadymy grek sözünden gelip çykyp, «gowy bölünýän» diýen manyny berýär.