Bulary bileýin diýseňiz

29 Mart 2023
675

Kelpeze dilini awuna garşy uzadanda, diliniň uzynlygy göwresiniň uzynlygynyň ýarysyna barabar bolýar. Gözleri biri-birine bagly bolmazdan hereket edip bilýär. Şonuň üçin-de, kelpeze kellesini hiç bir tarapa gyşartmazdan, şol bir wagtda çar tarapyny görmäge ukyplydyr.
*  *  *
Möýüň kerebi täsin gurluşa eýedir. Alymlaryň pikirine görä, möýüň kerebi Ýeriň magnit meýdanyny üýtgedýär diýlip çaklanylýar. Şol sebäpli-de, köp mör-möjekler kerebi görmän, oňa aňsatlyk bilen düşýärler.
*  *  *
Pingwin dik durup ýöreýän, suwda ýüzüp bilýän, ýöne howada uçup bilmeýän ýeke-täk guşdur.