Miweli bagym — baýlygym-barym

4 Aprel 2023
441

Gujagy al-elwan gülli baharda diňe bir Zemin goýny däl, eýsem, bütin barlyk, külli ynsan kalby gülzarlyga, lälezarlyga, şuglazarlyga öwrülýär. Ýazyň ýyly demini duýan baglaryň baldagyny ýaryp çykýan pyntyklar, patrak kimin açylýan akly-gyzylly güller daş-töwerege gözellik çaýyp, diňe bir pasyllaryň däl, göwünleriň soltany bolan bahar barada dilsiz dür saçyp otyrlar. Gülleriň hak aşyklary bolan, ömrüni baglaryň şahasynda geçirýän saýrak guşlar öz dillerinde şirin nagma kakyp, olaryň waspyny ýetirýärler.

Bagbançylyk bilen meşgullanyp, peder ýoluny dowam etdirýän bagbanlar bolsa: «Bagym däl, göwnüm gül açdy» diýip, ösdürip ýetişdiren miweli baglaryna guwanç bilen garaýarlar. Şonuň üçinem il içinde aýdylýan «Bag gadryny bagban biler» diýen aýtgy biziň şu günlerimizde-de ýörgünli.

Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».