«Bu ýerler owadan, örän owadan!»

4 Aprel 2023
575

Türkmen tebigatynyň, türkmeniň tebigatyna mahsus ajaýyp gylyk-häsiýetleriň, edim-gylymlaryň we gözel duýgularyň söz arkaly keşbini çeken ussat şahyr Italmaz Akmyradowyň «Bathyz» goşgusyny okan her bir adamyň gursagyna bu gözel künjege syýahat etmek arzuwy dolýandyr. Bathyzy taryp edenler, muňa hyýallanýanlar juda kändir, ýöne Italmaz aga ýaly şahyrana, owadan tarypnama döredäýmek aňsat iş däl. Gürrüň berişlerine görä, Italmaz şahyr şu şygryny Aşgabada gezmäge gelende, galamdaş dostlaryna ilkinji gezek okap beripdir. Halapdyrlar, gaýta-gaýta okadypdyrlar. Sesini çykarman diňlän şahyr Nobatguly Rejebow ertesi irden gazete beren Bathyz baradaky täze şygryny yzyna alyp gaýdypdyr.

Köňüllerde galan, «Dost, seýran edeli gözel Bathyzy!» diýlip başlanýan çagyryşly şygyr setiriniň täsirine düşen dostlarymyz bilen, nesibeli güni bizem Bathyzyň baharyny görmäge ýola düşdük. Saragta gün gijigiberende bardyk. Bu ýerdäki ýolbelet dostlarymyz dynç alyp, irden ýola düşmegi teklip edenlerinde, ylalaşmadyk:

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».