Ylmy-okuw maslahaty geçirildi

28 Mart 2023
569

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminde agaç nahallaryny ýetişdirmegiň agrotehnikasyna bagyşlanan ylmy-okuw maslahaty geçirildi. Maslahata jemgyýetiň hünärmenleri we agza bolup durýan tebigaty söýüjiler gatnaşdylar.

Olar jemgyýetiň nahalhanalarynda bag nahallaryny ýetişdirmegiň we olara ideg etmegiň agrotehnikasy barada tejribe alyşdylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berlen welaýatymyzda ýazky bag ekişlik çäresiniň guramaçylykly geçirilmegine jemgyýetiň işgärleri hem saldamly goşant goşýarlar. Jemgyýetiň nahalhanalarynda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan agaç nahallary köpçülikleýin ýetişdirilip, ilata we edara-kärhanalara mugt paýlanylýar. Bag ekmegiň şu ýazky möwsüminde hem tut we tuýa nahallarynyň 1180 düýbi tebigaty söýüjilere paýlanyldy. Tebigaty söýüjileriň agramly bölegini düzýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, Seýdi şäher hassahanasynyň çäklerinde jemgyýetiň nahalhanalarynda ýetişdirilen nahallar köpçülikleýin oturdylyp, täze baglar döredildi.

Hudaýberen PALEKEÝEW,
ýörite habarçymyz.