Stambulda çigildem möwsümi

28 Mart 2023
615

Stambullylar aprel aýyna «Çigildem möwsümi» diýýärler. Munuň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki şol aýda şäher durşuna diýen ýaly çigildemlere bürenýär.

Şäheriň meşhur künjekleriniñ biri hasaplanýan Soltan Ahmet meýdançasyna owadanlygy bilen haýran galdyrýan güllerden haly düşelýär. Bu bolsa ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Şonuň ýaly-da, Gülhane seýilgähinde, Soganly botanika seýilgähinde, Emirgan, Ýyldyz, Beýkoz, Fethipaşa, Hidiw Kasry, beýik we kiçi Çamlyja baglarynda hem çigildem güllerini görmek mümkin.

Gülaýym AŞYROWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.