Panda garynjalary

4 Aprel 2023
465

Panda garynjalary tebigatyň iň täsin jandarlaryndan biridir. Alymlar bu garynjalary 1938-nji ýylda Çili döwletiniň tokaýlaryndan tapyp, «Panda» diýip atlandyrdylar. Bu garynjalaryň bedeni gara we ak reňkde bolan tüýjagazlar bilen örtülendir. Täsin panda garynjalaryna Latyn Amerikasynda, şeýle hem Demirgazyk Amerikada duşmak bolýar. Panda garynjalary gury ýerleri, sähralary ýa-da ýarym çölleri gowy görýärler. Mahmal örtügi sebäpli aňsatlyk bilen çyglylygy bedeninde saklaýarlar.

Panda garynjalary örän zäherlidir. Olaryň zäheri iňňelerinde toplanýar. Iňňeleriň üsti bilen zäher adamyň ýa-da haýwanlaryň bedenine ýaýranda ölüm howpludyr. Panda garynjalarynyň erkegi iýmitini gijesine awlaýar, urkaçylary bolsa bütin günüň dowamynda. Hatda panda garynjalarynyň iýmitlenişi hem jynsyna görä üýtgeýär. Erkekleri ösümlik şireleri we nektarlary, urkaçylary bolsa ölen mör-möjekleriň galyndylary bilen iýmitlenýärler. «Pandalar» hakyky garynjalardan tapawutlylykda, maşgala, köpçülik bolup ýaşamaýarlar. Olar beýleki mör-möjekleriň, arylaryň hinlerine ýumurtga taşlaýarlar we ýumurtgalardan çykan liçinkalar öý ýaşaýjylaryny iýýärler.

Eset ÖWÜLÝAGULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.