Tebigatyň görkanalyk mukamy

30 Mart 2023
526

Baharyň owadanlygyny näme bilen deňejegiňi bilmersiň. Bir ýola ussat suratkeş Rembrandy baharyň tüýs görkanalyga beslenen günlerinde tebigatyň täsin künjekleriniň birine alyp barypdyrlar. Ýaz ýapynjasyny örtünen meýdany sesini çykarman synlap durşuna, ussadyň gözünden düwme-düwme ýaşlar togalanyp gaýdypdyr. Soňra bolsa ol sesini çykarman, etýudnigini gurnapdyr-da, şol gözelligiň suratyny çekmäge durupdyr. Ol tä günortanlar ýadap, dynç almaga oturýança ýagşydan-ýamandan ýeke sözem aýtmandyr. Nahar başynda ondan bu uzak dymyşlygyň sebäbini soranlarynda: «Tebigatyň bu ajaýyp simfoniýasyny sähel artykmaç sesiňem bozup biljegine akylym ýetip durka, nädip gürläýin?» diýip jogap beripdir.

Hawa, bahar — gözellik hazynasy. Bahar — sansyz reňkleriň soňlanmajak gory. Bahar — täsinlik döretmegiň ussady. Bahar — syrdan, täzelikden doly täsin eser. Garaz, baharda geň galara, buýsanara, synlara, diňläre... zat kän. Bahar bilen baglanyşykly käbir täsin maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Leýla SÄHETMYRADOWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.