TÜRKMEN TEBIGATY — ynsan kalbynyň ylham çeşmesi

31 Mart 2023
707

Hormatly Prezidentimiziň «Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýen sözleri Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň hakyky gadyr-gymmatyny açyp görkezýär. Çünki, Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplylygy ylym bilen meşgullanýan adama ylmyň islendik ugry boýunça pikir ýöretmäge, seljerme we deňeşdirme geçirmäge doly mümkinçilik döredýär.

«Zer gadyryny zergär biler» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralyndaky Karary esasynda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesini giňden bellemäge uly taýýarlyk görülýändigi aýratyn ähmiýetlidir. Akyldaryň döredijiliginiň, türkmen ruhundan, medeniýetinden, şeýle hem, Diýarymyzyň tebigatyndan gözbaş alandygy, onuň tebigatda bolup geçýän hadysalara ir düşünip başlandygy, ylahy zehininiň ýitileşmegine dünýä inen ýeriniň dagy-düzüniň, derýalarynyň, sähra-jülgeleriniň, baý haýwanat dünýäsiniň täsir edendigi şygyrlarynda aýdyň duýulýar. Şu nukdaýnazardan, Pyragynyň döredijiliginde aýratyn orun eýelän durmuş we watançylyk garaýyşlarynyň içinden tebigat filosofiýasy eriş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde bu üç esasy garaýşyň sazlaşmagy şahyryň watansöýüjiliginiň ýokary derejesini şöhlelendirýän kanunalaýyklykdyr. Çünki, Watana bolan söýgi onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar.

Şamämmet TÄÇJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.