Arazbibiniň deresi

28 Mart 2023
686

Türkmen topragy — Allanyň nazary düşen toprak. Onuň dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, derýa ýerinde derýasy, deňiz ýerinde deňzi... bar. Her pasla görä täsin keşbe, gözellige eýe bolýan ajaýyp türkmen tebigatyny, aýdylyşy ýaly, görmäge göz, taryplamaga söz gerek.

Birnäçe ýyl mundan ozal, ýaz paslynda şeýle gözel ýerleriň birinde — Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Madaw obasynyň çäginde ýerleşýän Arazbibiniň deresi diýilýän gözel ýerde maşgalamyz bolup, gezelençde bolmak bagty miýesser etdi. Madaw obasyndan, takmynan, 30-40 kilometr demirgazyk-gündogarda, Gyzylbaýyr obasyndan 60-70 kilometr demirgazyk-günbatarda ýerleşýän dere baharyň hoştap howasynda jenneti künjegi ýadyňa salýardy. Al-ýaşyl öwüsýän otlar, anbar ysly güller, ýuwa-ýelmikdir jümjüme, äjiwe, ysmanak, kösükdir domalan, jyklaşyp seredýän kömelekler... derä gaýtalanmajak gözellik berýärdi. Garaz, bu deräniň gözelligi haýrana goýup, her ýyl şu ýere gelmäge höwes döredýärdi. Şeýle ajaýyp tebigat gözelligini Biribaryň bereketli topragymyza joşanyna haýran galýarsyň. Ylaýta-da, bu deräniň adynyň täsinligi geň galdyrýardy. Onda-da zenan maşgalanyň adynyň taryhyň gatyna siňip, biziň şu günlerimize gelip ýetmesi barada oýlanman durup bolanokdy.

Ogulbibi TUWAKBAÝEWA.